Coca-cola – dünýäde meşhur gazlandyrylan içgi bolup, ol örän baý taryha eýedir. Onuň düzümi amerikan farmasewty Jon Pemberton tarapyndan 1886-njy ýyldaoýlanyp tapylyp, ilkibada ol dermanhanalarda toşap görnüşde satylyp başlansa, wagtyň geçmegi bilen ony gazlandyrylan suw bilen goşup hödürlediler. Ýaňy düzümi işlenip düzülenCoca-cola kofeine baý kola maňyzyndan we kokaini saklaýan koka ösümliginden ybaratdy. Alnan içgi esasan hem nerw ulgamynyň islendik kesellerini bejermek üçin maslahat berilýärdi. Pembertonyň bellemegine görä, bu içgi jynsy gowşaklygy bejermekde we neşä ýykgyn edýän adamlara kabul etmek üçin peýdaly bolup biljekdir. Ol ýyllarda kokain ulanmagy gadagan edilen maddalara girmeýärdi we onuň zyýany barada adamlara hiç zat belli däldi. Kokainiň adam saglygyna ýaramaz täsiri öwrenilenden soň, jemgyýetçilik pikiri oňa garşy üýtgedi we 1903-nji ýyldan başlap, içginiň düzümine kokainiň ter ýaprajyklary däl-de, onuň "işlenilen" görnüşleri goşulyp başlandy. Häzirki wagtda bu ösümlikden içgide diňe onuň ady saklanyp galandyr. 1894-nji ýylda Coca-cola birinji gezek aýna çüýşelere guýlup satylsa, 1969-njy ýylda ony alýumin bankalarda satyp başladylar. Wagtyň geçmegi bilen içginiň Pepsi-cola (ABŞ) hem-de 1931-nji ýyldanbäri Germaniýada öndürilýän Afri-cola, 2002-nji ýylda Fransiyada öndürilip başlan Mekka-cola görnüşleri alyjylara hödürlendi. Mekka-cola esasan musulman ýurtlaryň alyjylaryna niýetlenen bolup, öndürijiler ondan gelen girdejiniň bir bölegini uruşdan ejir çeken palestinalylara bermäge söz berdiler. Dürli ýurtlarda Coca-colanyň dürli görnüşleriöndürilip, ol ýerli bazarlaryň şertlerine görä dürli- dürli atlar bilen (Coca-cola diet, Light, Wanilla, Gherry we başgalar) alyja hödürlenýär. Oňa garamazdan, olaryň esasy düzümi meňzeşdir. Şu wagta çenli Coca-cola içginiň düzümi öndürijiler tarapyndan gizlin saklanýan bolsa hem, geçirilen laborator barlaglar onuň düzüminde käbir maddalary häsiýetlendirmäge we saglyga ýetirýän täsirini öwrenmäge ýardam berdiler.

Köneler, Karat tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir