gerçek yigit aňda galar eden her bir işi bile, diňe aň däl töwerekde duýup bolar yhlasyny. bu watanyň gök asmany, yraň atýan maýsalary, beýan eder ýüreginde beýik arzuw beslänini. watan,nesil, ar namysy öňde goýup ähli zatdan, duşmanyna ýowuz darap,aman bermän hilesine. gar ýagýarka garym gazyp bagryn berip sowuk ýere, geljek üçin döz gelendir gara gyşyn çillesine. faşist ýygnyn derbi dagyn edip barýar atilla deý, özlerini gunlar diýip hasap edýän nemesleri. çyn gunlaryň kimdigini görkezendir türkmen ýigdi, gerçek ýigdi görenleriň kesilendir nepesleri. “ýeňiş üçin” diydi halkyň tylda galan naçarlary, ýygyp pagta, dokap haly çokaý örüp ugratdylar. şolaň zaryn çeken yigit bir ah bilen tarsa galyp, nemeslere hüjüm edip bir zarbada dargatdylar. bugün ýatlap ýowuz geçen şol uruşyň yzasyny, pederleriň watan üçin başyn goýan günlerini. gadryn bilip şu günleriň, pena çykyp ýaşatmaly. ýowuz günleň güllesinden halas bolan güllerini. 04/05/2012 Hazar Rejepow

Köneler, Lider tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir