durmuşda üç zady sayla diyseler, bir watanym, bir baharym, enemjan. yürekdaki söygin payla diyseler, bir watanym, bir baharym, enemjan. watan bu dünyede barlygym barym, bahar şol barlygyn jany, humarym, enemjan jahanda yeke dikrarym, bir watanym, bir baharym, enemjan. namys-arym, syrym, duygym watanda, gögele oglanlyk, söygim baharda, gije sallançagym üwran yatamda, bir watanym, bir baharym, enemjan. keşbim alynandyr watan adyndan, yşkym alynandyr bahar bagyndan, halallygym mahrem ene süydinden, bir watanym, bir baharym, enemjan. söygilen soltany watan söygisi, duygylan juwany bahar duygysy, gaygylan ulysy enan gaygysy, bir watanym, bir baharym, enemjan. üçüsünden ayra galmak yowuzdyr, durmuşynda gorky, anyn dowuldyr, howpy abanmasyn tanrym sowuldyr. bir watanym, bir baharym, enemjan.

Köneler, Lider tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir