Biziñ her birimiz üçin haýwanlaryň watanyny, olaryñ ilki nirede ýaşan­dyklaryny bilmek gyzykly bolsa ge­rek? Şu nukdaýnazardan käbir haýwanla­ryň watanyny okyjylarymyza ýetirme­gi makul bildik. Bu agzalan haýwanla­ryň suratlarynyň ýaşaýan ýurtlarynyň döwlet nyşanlarynda (baýdagynda, gerbinde) ýa-da pulunda bardygy şol ýeriň olaryň watanydygyny aňladýan­dyr. At – Türkmenistan, Wenesuela, Mon­goliýa, Nigeriýa, Urugwaý, Lesoto. Kenguru - Awstraliýa. Krokodil - Lesoto, Ýamaýka, Solomon adalary. Sygyr – Andorra, Botswana, Hindis­tan, Islandiýa, Nepal, Nigeriýa, Urug­waý. Geçi (öý) – Çad. Horaz – Keniýa, Trinidad, Tobago. Ýolbars – Belgiýa, Bolgariýa, Beýik B­ritaniýa, Finlýandiýa, Şwesiýa, Şri-Lan­ka, Efiopiýa. Kepderi – Gwineýa, Kipr, Tonga, Fid­ži. Bürgüt – Awstriýa, Albaniýa, Gana, Germani ýa, Müsür, Indoneziýa, Yrak, Ispaniýa, Meksika. Gaplaň – Zair, Malawi, Somali. Sugun – Mawrikiý. Pyşbaga – Seýşel we Solomon adala­ry. Totyguş – Dominika. Pil – Gwineýa, Swazilend, Merkezi Af­rika ýurtlary.

Köneler, pawel tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir