Gawunçylygyñ başlanýan ýerindäki depäniñ üstünde Haýytlynyñ gamyş çatmasy seleñläp otyrdy. Atajan: - Sen düşme, oturyber - diýdi. - Özüm dilärin. Heniz deñiç Mergeniñ öz-ä sakçydan terne diläp görmändi, bererler öýenokdy. Häzir Atajanyñ ezberligini görende, onuñ pikiri üýtgedi, dostunyñ eli terneli dolanyp gelerine ynam etdi. Ümsüm çatma tarap usul bilen ýöräp barýan Atajana umytly garaşdy. Terne iýse ejesiniñ sagaljagyna häzir, edil häzir ynandy. Bu ynanç onuñ kalbyna ýakymly giñlik saldy. Ternäni aldyklary öýe tarap ýüzin salyp gitmäge ak eşek taýýar durdy. Haýytly kellesine ullakan köne ýaglyk orap, çaý içip ýatan ekeni. Atajanyñ golaý gelenini hem duýmady. - Haýytly aga, salowmaleýkim! Haýytly lañña galdy. - Äý, saña-da bir merez waleýkim. - Ol kellesindäki ýaglygy düýrläp penjesine gysdy, köne keçäniñ üstüne bulap urdy. - Heý, arkaýyn çaý içermiñ bylañ derdinden! A sen bir adam ogly bolsañ, adam şekilli gelseñ bolmadymy, asgyr, üsgür - duýduryp gelerler- ä!.. Arwah-jynmy sen, albassymy sen, nä syrtaryp dursuñ, yşarat diýs-ä! Näme gerek saña? - Haýytly aga, bize terne bersene. - Men nä terne paýlaýanmy, ýa gelene terne berer ýaly mellegime gawun ekdimmi? Men kolhozyñ gawunny saklaýan, bileñokmy sen şony? - Bilýän, Haýytly aga. - Bilýän bolsañ, bi taýda nä körüñ bar? - Ol hüñürdäp ýassyga tirsegini berdi, kellesine ýaglyk orady, gara tañkadan kirlän käsesine çaý guýdy. - Kolhozyñ zadyny dilemeli däldigini sen bilmel-ä, kolhozyñ emlägi paýlanýa, diläne berlenok. O ýanyñdaky kim ol? - Mergen... Begliñ ogly, Begli sklatçyñ. Haýytly ýañadan dikeldi, bulanyk gözlerini agdaryp, Mergene tarap ýakymsyz seretdi. - Begli sklatçyñ ogluna terne nämesine gerekmiş? - diýdi. - Indi terne iýmände sklatda iýere zat ýokmuşmy? Ol öñki ýerine gyşaryp, düşnüksiz bir zatlar hüñürdedi. - Mergeniñ ejesi ýaraman ýatyr, Haýytly aga, enem: gylly terne iýse, açylar diýýä. - Señ eneñ ýalan sözläpdir. Tebipligi çyn bolsa, syrkawa derman-därini özi tapyp bersin, bärik ugratmasyn, aýtgyn eneñe şeý diýip. - Ol urgudan gypjynýan ýaly, kellesini eginleriniñ arasynda gizledi, burnuna salyp hüñürdedi. - Heleýiniñ terne iýende açyljagyny bilse, Begli sklatçyñ özi gelerdi, hany, geläýmändir- ä?.. - Biz geldig-ä, bize beräý- dä, Haýytly aga... - Hany, ikiñizem bäri geliñ. Diýenimi etseñiz-ä terne alarsyñyz, bolmasa-da... - Ol Atajan bilen Mergeni garşysynda oturtdy. - Haýsyñyz aýdym aýdyp bilýäñiz? Mergen Atajanyñ ýüzüne mölterilip, başyny ýaýkady. Atajan şol bada: - Men aýdyp bilýän - diýdi. - Señ aýdanyñ hasap däl, gapdalyñdaky oturan aýtsyn, terne iýjek señ ejeñ däl-ä. Atajan kyn ýagdaýy añladyp, alada bilen Mergeniñ ýüzüne garady. Mergen torsaryldy: - Aýdym aýdamok men! Haýytly hemle atdy: - Aýtmasañ terne ýok, gidiber. Mergen gidermen boldy, Atajan ony saklady, ýalbardy: - Bir aýdymjyk aýdaýsana, aýdyp goýber-dä. Mergen gowşady. - "Marşalym-a" bilýän - diýdi. - Aýdaý şony. Haýytly aga, Mergen "Marşalymy" aýtjak diýýä.

Köneler, Jebislik tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir