Men böwet men, ýollardaky kynçylyk Her bir ki$iñ ýolunda men bardyryn Meni söýmän bolýarsyñyz biynjalyk Aslynda men size gerçek ýardyryn | Oýlap görüñ mensiz bolsa bu durmu$ Nähili gyzyksyz erbet bolardy Islän ki$i, islän wagty, islänne Kynçylyksyz ýetse kalpda beslänne Üstünligiñ gyzygy hem bolmazdy Bu durmu$yñ manysy hem galmazdy | Meniñ bilen many gazanýar dünýä Mendirin ýa$aý$y saklaýan gazyk Adam üstünlige meñ bilen münýä Meñ bilen çaýylýar ýa$aý$a gyzyk | Meñ bilen gazanlan miwe datlydyr Gadamlarñyz meniñ bilen batlydyr Mensiz barlan sepgitlerde gyzyk ýok Sepgitler meñ bilen has $öhratlydyr | Men bolmasam kämillik hem bolmazdy $ol bir derejede durardy ynsan Kämilliksiz adam - adam bormudy Durmu$da bolardy ýönekeý bir san (Brave H.)

Köneler, Brawe tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir