Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat, Diňe adatam dal, hökmanlardandyr. Gelinler içinde gördüm bir apat, Yok, apatam ona gurbanlardandyr. Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly, Yaňagy saherden ýasalan ýaly, Gabagy mahirden ýasalan ýaly, Dodaklary şeker damýanlardandyr. Ellerniň barmagy misli bir seçek, Döşleri meýdanly, gözleri goçak. Bili ýarym gujak, saçy bir gujak, Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr. Gözleriniň agy-dünyaň gündizi, Gözleriniň garasy-gijaň tamizi. Megerem şol ala gözleriň özi Gijani-gündizi ýasanlardandyr. Yüz gelniň içinden saýlanyp boýy, Bir özi bezap dur giden bir toýy. Edebiň merkezi, akylyň öyi, Şahyr oňa akly haýranlardandyr. Saýlap seçip, ajaplaryň ajabyn, Haýsy ýigde bagş etdika gujagyn? Şol gujakda mekan tutan goç ogul Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir