Gunlaryň ýörişlerinden soň gundogar yewropada örän güýçli döwleti – beyik hazar imperiyasyny (kaganlyk) döreden, öz döwründe wolga deryasynyň aşak akymyny, demirgazyk kawkazyň kop bolegini, azow yakalaryny, krymy, gundogar yewropanyň hem dnepre (wengriya) çenli ýaýylyp yatan giň sähralaryny şu döwletiň garamagyna geçiren turki dilli hazarlar taryhda uly yz galdyran güýçli halk bolupdyr. Arap taryhçylarynyň al-hazar, latyn dilli halklaryň hazari, gazari, grekleriň gazaron, orslaryň kozari, hozar, wengerleriň kazar, ermenileriň haziri, .... yaly dürli görnüşlerde ulanan hazar diyen etnik ady geçmişde turk diyen manyny hem aňladypdyr. Meselem gadymy hytay çeşmelerinde turk-hazar diyen etnik at yanaşyk(arasy kese çyzyk arkaly bolunen yagny den derejede) görnuşde yazylypdyr meşhur turk alymy Ibrahim Kafesogli hazar diyen adyň Anadoli turklerinde ‘’gezer’’ görnüşde aydylyandygyndan ugur alyp, ony ‘’gezyän, göçüp-gonyan’’diyip düşündiryär. We hazar halkynyň özeniniň gadymy ‘’sabyrlardan’’(?) ybaratdygyny belleyär. Şu alymyň güwä geçmegine görä yewropa yurtlarynyň hokümdarlary bu güýçli halk bilen ysnyşyk etmäge , garyndaşlyk açmaga ymtylypdyrlar. Hazar şalary bilen gyz alşyp-berşipdirler. Meselem rum imperatorlary Yustissiyan (685-695) we Konstanstin v (741-775) dagy Hazar hokümdarlarynyň gyzlaryna öylenipdirler , hatda Konstanstiniň Çeçek atly Hazar ayalyndan bolan ogly soňra imperator bolup , ol taryhda Hazar leon ya-da leon lv ady bilen bellidir (775-780) töwerekdäki turki halklar hem hazarlar bilen yakyn gatnaşyk edipdirler. Ylayta-da Horezm döwleti Hazarystan bilen ysnyşypdyr. Kaspi deňziň hazar diyen ady hem bu halkyň turkmenler bilen we turkmenistan bilen eden gatnaşyklaryndan habar beryär 735-nji ýylda Araplaryň, 895-nji ýylda peçenekleriň, 960-njy ýyllarda ors knyazy Swyatoslawyň uran zarbalary netijesinde Hazar imperiyasy synyar. Hazar halky bolsa çuwaşlaryň, tatarlaryň we yene-de ençeme halklaryň arasyna siňip gidyär. Hazarlaryň bir bolegi şu wakalardan soň turkmenistana goçüp gelyärler. Muny sayat we garabekewil rayonlaryndaky ‘’hazarekli’’ diyen galalaryň, garagumda Hazaryoluň, horezm welayatyndaky hazarasp şäheriniň atlary hem tassyklayar. Hazarlaryn belli boleginiň turkmenlerin hydyrili taypasyna adyny geçiren bolmagy ya-da hydyrililerin hazarlaryň bir dowamy bolmagy ahmaldyr Hazar diylen at aslynda iki bolekden duryar, HAZ we AR . haz sozüniň manysy belli däl. Ol sakarlaryň merye urugynyň haz tiresiniň adynda saklanypdyr. ‘’has’’ atly tireler bolsa bayat we çowdurlaryň düzüminde duş gelyär. Tatar alymy Sattarow kazan diyen şäher (we taypa) adynyň gaz/kaz, hazar diyen etnonimiň hem haz boleginiň aslyny şol bir sözden diyip çaklayar.

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir