Gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň, Gurrugagaçsaňam tapdyr bir mydar. Ýöneweli ikaýakly bendäňi Dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam. Dostuň bürgüt bolsa - daglara elter, Dostuňbilbil bolsa - baglara elter. Dostuňelguş bolsa - bir oba elter, Dostuňbaýguş bolsa - haraba elter. Ýekedaban bolsaň - urmak ýaraşar, Sandalbolsaň - çydap durmak ýaraşar. Şyňk-şyňkedip dursa kiçijik çekiç - Şodur içýakgyç. Aman, aman... Dynmak üçin derdimden, Elliýaşda ýetmiş derman gördüm men. “Guşgerek!” diýseler - gapanlap aldym, “Gurtgerek!” diýseler - gapanlap aldym, “Mumyýa”diýdiler - tüpeňläp aldym. Birisinden gördüm - Azajyk haraý, Birisinden gördüm - Müň hili zyýan. Ahyrybir güýçden ýeňildi derdim; Adam üçin adam - Iň uly derman. “Bal, bal!” diýmek bilen agzyň süýjänok Ýönebeýle ajam bolup baranok. “Sagbol!” almak bilen garnyň doýanok, Ýönebeýle ajam bolup baranok. - Arçynymyza goşgy goşýaň, Başlygymyza goşgy goşýaň, Brigadire goşgy goşýaň, Başgasyna goşgy goşýaň. Kaka, kaka, gorkaňokmy? -Gorkman, oglum, gorkman, oglum. Degirmende doglan syçan Gökgürlände gorkmaz, oglum. Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat. Ony guraňda-da howlukmaly däl, Onybozaňda-da howlukmaly däl: Onyguran wagtyň howlugyp gursaň - Känkerpiçleň hata düşmegi ahmal. Onybozan wagtyň howlugyp bozsaň - Çyndostuňdan jyda düşmegiň ahmal. Ussat bol, iş salyş ussatlar bilen. Ussadyň gadyryn ussatlar biler. Sakalyň deregin tutsa-da akyl, Akylyň deregin tutmaýar sakal. Burun ys almaga, Dil sözlemäge, Gulakhem berlendir diňlemek üçin. Soň-soňdüşünersiň ýene bir zada: Gözdiýen zat berilendir bir bada Hem-ä seretmek üçin, Hemem ys almak üçin, Hemem sözlemek üçin, Hemem diňlemek üçin. Ol adam şeýle bir ajaýyp adam, Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. Käteony Köpetdaga çykaryp, Şoýerden äleme görkezsem diýýän. EmmaKöpetdagyň belentligi-de Entekgözlerime bärräk görünýär. Ol adam şeýle bir ýaramaz adam, Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. Käteony Çuňly derä äkidip, Şoýerde il-günden gizlesem diýýän. Emmaçuňly deräň çuňňurlygy-da Gözlerimehas telperräk görünýär. Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý - Umytdandüşmeklik namartçylykdyr. Herbir kynçylygyň dört tarapy bar: Üçiýapyk bolsa, biri açykdyr.

Köneler, Karat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir