Adamyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik bir täsinlikdir. Ýadyň käbir görnüşleri hatda ýönekeý biröýjükli bedenlerde-de bolýar. Emma ýatkeşligiň kütelýändigine diňe adamlar arz edýär. Ýatkeşligi gorap saklamak, ony berkitmek mümkinmikä diýen soraglar ýüze çykýar. Ýatkeşlik nämekä? Ýatkeşlik – bu adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň we gutarnykly maglumat ýokdur. Ýöne şonda-da, ynsanyýet günleriň birinde alymlar bu meseläni hem çözerler diýip umyt edýär. Diňe şonda ýatkeşlik bilen bagly meseleleriň gutarnykly çözülmegi ähtimaldyr. Her bir adamda maglumatlary ýatda saklamagyň öz usullary bolýar. Adatça, adamlaryň ählisi ýatda saklamak usullary boýunça üç topara bölünýärler: 1. Görýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar. 2. Eşidýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar. 3. Ýazýan zatlaryny ýadynda gowy saklaýar. Diýmek, ýatkeşligi hem üç topara bölmek bolýar: wizual (görüş), eşidiş we motoriki (hereketlendiriji). Ýatkeşligiň dowamlylygyna seredilende, onuň gönüden-göni, operatiw (ýerine ýetiriji) we uzak möhletleýin bolýandygyny bellemelidir.Käbir zatlary biz diňe birnäçe sekund ýatda saklaýarys, käbir zatlary bolsa uzak ýyllaryň dowamynda hem ýatdan çykarmaýarys. Ýatkeşlige näme täsir edip bilýär? Dürli ýagdaýlar ýatkeşligi küteldip ýa-da berkidip bilýär. Olaryň ilkinjisi — maglumatyň wajyplygydyr. Biz üçin maglumat näçe gerekli bolsa, şonça-da biz ony berk ýatda saklaýarys. Emma bu hem hemişe beýle bolmaýar. Adamyň ýatkeşligi ýaşy ulaldygyça ýaramazlaşýar. Emma eýýäm 30 ýaşynda-da köp zatlary ýadynda saklap bilmeýänler hem bardyr. Psihologlaryň bellemegine görä, adam bir zady hemişe ýadyndan çykarýan bolsa, ol maglumatlar bilen bagly psihologik meseleler barada pikirlenmek gerek. käbir ýurtlarda ýa-da belli-belli sebitlerde adamlar ýoduň we B toparyna degişli witaminleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Akyl üçin iýmit Dogry iýmitlenmegiň ýatkeşligiň, umuman saglygyň berkemegine oňaýly täsir edýändigi birwagt subut edildi. Iýmit önümleriniňbelli-belli görnüşleri beýnide bolup geçýän biohimiki hereketlere itergi bermäge we olary çaltlaşdyrmaga ukyplydyr.Olaryň iýmit ýa-da ýörite witaminler toplumy arkaly bedeniňize baryp durmagyna gözegçilik etmeli. Ýatkeşligini ösdürmek üçin adam ony türgenleşdirip durmaly. Mysal hökmünde meşhur fransuz gözbagçysy Robert Udeniň bu babatda geçiren türgenleşikleri barada beren gürrüňi bilen tanşaly.Robert Uden ünsüň ýatkeşligiň aýrylmaz bölegidigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol ýaşlykdan günde-günaşa dükanyň deňinden geçende, ondaky harytlara gözaýlaýardy. Dükandan biraz daşlaşandan soň , ol säginýärdi we gören zatlaryny (harytlary) ýeke-ýekeden ýadyna düşürýärdi. Yzygiderli türgenleşikler, dogrudan hem, onuň ýatkeşligini ösdürýärdi. Robert günsaýyn dükanda gören harytlarynyň has köp bölegini ýatdan aýdyp bilýärdi. Bu onuň geljekde hünär saýlap almagyna-da täsiredipdi. Diýmek, bir zada üns berip, ony birnäçe gezek gaýtalasaň, ol hökman ýatda galýar. Ýatkeşligi ösdürmekde ownuk-uşak zatlara üns bermek hem peýdalydyr. Käte ownuk bir zat tutuş zady ýadyňa salýar. Köpümiz "Tapawutlary tapyň" diýen oýun bilen tanyşdyrys. Ilkibaşda göräýmäge iki sany birmeňzeş surat görkezilýär. Emma biz oňa üns berip seretsek, olaryň hakykatdan-da tapawutlary bardyr. Ünsi we ýatkeşligi ösdürmek üçin, ine, şu maşk hem peýdalydyr: Öňüňizde bir zady goýuň. Oňa biraz wagt syn edip serediň, soňra gözüňizi ýumup, şol zady göz öňüňize getirjek boluň. Soňra gözüňizi açyp, göz öňüňize getiren zadyňyz bilen öňüňizde duran zady deňeşdiriň. Şol zadyň görnüşi doly ýadyňyzda galýança bu maşky gaýtalaň. Ýatkeşlik barada aýdyp, kitap okamak barada aýtmazlyk hem mümkin däldir, sebäbi bu iki zat özara berk baglanyşyklydyr. Gadym döwürlerde, ýazuw ýaňy- ýaňy oýlanyp tapylan wagty, kitap örän gyt we gymmatbahalydy. Belli bir ugurda bilim almak isleýän adamyň eline kitap düşse, ol ondaky ähli zatlary yat tutmaly bolupdyr. $oñ üçin olañ yatke$ligi has güyçli bolupdyr. Çeshme: saglyk

Köneler, Karat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir