Bu ýüregim hasrat bilen dolsa-da Ýaşlyk atly gyzyl gülüm solsa-da Arzuwlarmyň bary arman bolsa-da Ýüzüm gülüp durar, tükenmez mährim Başgalara mydam ýylgyraryn men Sebäbi olaryň şatlygyn, bagtyn Bozmaga hiçhili ýokdur meň hakym Olaň göwün atly ajaýyp tagtyn Ýykmaga hiçhili ýokdur meň hakym Men hemişe bilip öz çenim-çakym Ýüzüm gülüp durar, tükenmez mährim Başgalara mydam ýylgyraryn men Durmuş basyp bilen ýüküni bassyn Başarsa tikeni göwnüme batsyn Olaň hiçisinden gelmän men asgyn Ýene-de men belent tutup bu sustum Ýüzüm gülüp durar, tükenmez mährim Başgalara mydam ýylgyraryn men (Brave H.)

Köneler, Brawe tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir