Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Gözel tebigata edip jan bagyş Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Sen ýagsaň dünýäge çekiler nagyş Sen ýagaýsaň göwünlermiz şatlanar, Sen ýagaýsaň bu ömrümiz batlanar Ýaman niýetlermiz derhal undulyp Her bir ýerde ýagşylyklar ýatlanar Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Asmandan zemine bereket getir Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Magşugyň habaryn aşyga ýetir Ýagyp bu jahana söýgi paýla sen Ol söýgini ýüreklere jaýla sen Ýagyp, ýagyp, ýagyp ýene-de ýagyp Şeýdip çarhpelegi özüň sazla sen Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Ýüreklerden ýüreklere ýol açyp Ýagyber, ýagyber, ýagyber ýagyş Dumly duşa bereket hem nur saçyp (Brave H.)

Köneler, Brawe tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir