Birden obamyza dü$se yoluñyz Obamyza myhman bolup geciñ siz Myhmansöyer, päk yürekli halkynyñ Nanyndan suwundan iyip iciñ siz | Gelibersin göwni cökgün bolsa hem Gelsin obamyza ol aram tapsyn Häzir bolsa birki agyz söz bilen Özümce edeyin obamyñ waspyn | Howasyndan demiñ alsañ uludan Serho$ edip aylar seniñ ba$yñy Gaygy gussa seniñ ücin yat bolar $atlyk, jo$gun gur$ap alar da$yñy | Yigitleri bardyr sadadan sada Ke$bi Göroglyny salyandyr yada Ol yigitler $eyle sada bolsa-da Hakyny aldyrmaz gaýry bir ýada | Gyzlary bar meñzäp durandyr perä Edepli ekramly, sada, haýaly Kämil cykan merdana goc yigitleñ Gije gündiz $olardadyr hyýaly | Göwnüñ galkyp ucjak ucjak bolarsyñ Yaylasyna cyksañ eger säherde Topragynyñ miwesinden dadaysañ Gujur berer, yokmaz saña zäher-de | Obamyzyñ barsañ eger bagyna Oylarsyñ sen dü$düm erem bagyna Obamyzyñ daglary yok bolsa-da Depesi degyändir dünyäñ dagyna | Tarypyn edyärin uludan welin Belki meñ gözüme $eyledir meger Meñ ücin $eylemi yada hakykat Bilersiñiz oba gelseñiz eger (Brave H.)

Köneler, Brawe tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir