her gun irden ejemin sesi bilen suyji ukudan oyanmaga bashladym. ejemin hic yuzi gulmeyar, her gije aglayardy, sachlarymy ogshayar , gozlerime bakyar, ''gyzym sha gyzym menin'' emma nache sorasamda name uchin aglayandygyny aytmayardy intek kichijeksin gyzym, ulalanda dushunersin'' diyyardi. kakamyn yanyna ylgayardym, kakam ashhanada chilim chekyardi '' sen oz otagyna gech gyzym chilim seni hassa eder '' diyyardi, sen name uchin chekyan onda diyyardim chilim seninem saglygyna zyyanly dalmi name... yadaw gozleri bilen bakyp ''gyzym'' diyip gulumseyardi. bu ajy bir gulumsemedi, onler menin kakam beyle gulumsemezdi, we gozlerime ajy-ajy bakyp hany oz otagyna gech diymezdi... name uchindir kakam sonky wagtlarda kop uskuryardi, ejem kop aglayardy... ejemin sesi bilen oyanmaga bashlapdym ertirlerine, ne multifilmleri halayardym ne barbi gurjaklaryny gowy goryadim indi... kakamyn yuzi gulmeyar, ejemem aglayardy... 5 yarym yashymdadym hich gunlerim gechmeyardi. 6 yashyma hich yakynlashmayan yalydym. ertirlerine ir turyadyk, ejem meni gonshymyza eltyar ve kakam bilen yan-yana yorap yitirim bolyardylar kochanin gyrasy bilen. ejem ishlemeyardi yone name uchin her gun irden nira gidyanini aytmayardy. men olaryn gelerine sabyrsyzlyk bilen garashyardym, aynadan olaryn oye tarap gelyanini dagy goraysem begenjimden uchayjak bolyardym. sonra... yaz geldi doglan gunume iki gun galypdy, her kim name isleyan diyyardi. aslynda hich zat islamokdym we birhili susgundym name uchindir... sonra... sonra, name bolan bolsa shol gije boldy, ejemin sesi oyi tutdy hamala yer titreyan yalydy, men otagymdan chykamda ichki otagdan sesler gelyardi, oyde gaty adam kopdi. dogan-garyndashlarym aglayardy... gonshylar meni tutyardy. gozlerim bilen kakamy gozledim, oyde adam kopdi kakam shol adamlaryn arasynda yiten yalydy... men kaka diydim, kaka... kaka, ejem balam diydi yanyma golaylashdy hamala yyllardyr gormedik yaly gujaklady '' gyzym iki gozum'' kakama name boldy diydim, birbada jogap bermekden saklandy mende aglamaga bashlanymy bilemokdym... kakan indi yok diydi, kakan indi yok, oldi... kakan oldi balam, kakan indi hich uskurmejek, eje olum name diymek?? name diymek? olmek nahili zat eje diydim ejem daliran yaly aglayardy we kakan indi gijelerine rahat yatjak diydi, sonra ozunden gitdi... ''men olsem bolmayarmy'' diydi mamam... kakamyn yuzuni zor bilen gorkezdiler mana, ylgadym gujakladym, kaka oyan diydim, kaka oyan men sensiz name ishlarin, kaka oyan ertir doglan gunim menin , kaka... kaka 6 yashyma giryarin oyan, hich zat islamok soz beryarin, seni hich gynandyrman soz beryarin kaka, soz beryarin. kaka hany ach gozlerin oyan... oyan... kakam doglan gunumde topraga berdik, doglan gunumi sheyle gutlady kakam. chilim otlayan chakmagy intagem mende duryar, o meni kakamdan,kakamy menden ayyran... her doglan gunumde intagem shol guni yadyma salyardy... kaka, kaka nirelerdesin. nirdesiniz kakalar, kakalar oyanyn, oyanyn... sho:l chilim tussesinde indi ulalmasyn bashka balalar... bashka chagalar. bashka... :(

Köneler, sivee tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir