Ý A T L A G Y N! Çagalykda ýakyn adam saýanym Kämillikde söýgüm bolup sataşdyň Ykbal meni gijä goýdy mähriban Bir gözeliň ýary bolup sataşdyň! _________________________________ Aramyzda niçe ýyllar ýatsada Synladym daşyňdan doýmady gözüm Uýaldym men bildirmäge söýgümi Sen bolsa duýmadyň, duýmadyň özüň! ________________________________ Sen bagtly bolsaň meniň hem bagtym Arman aýrylmaýar ýürek yzasy Pelek meni ne günlere saldyň sen Ýaman eken ýalňyz söýgüň jezasy. __________________________________ Haýyşym unutma ýatlagyn dünýäm Ýatla gaýgy-gamyň basan mahaly Geçip aýlar-ýyllar gojalan wagtyň Ýatlagyn ýüregiň gysan mahaly.

Köneler, Bagyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir