Bu dünýa geldiñ ne amal kyldyñ Diýse Allahyña ne jogap berjek? Indi huzuryma ne ýüzñe geldiñ Diýse Allahyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Iki ýol görkezdim hem akyl berdim Ýoluñy seçmegi erkiñe goýdum Rehmetimi zyñdyñ zuluma galdyñ Diýse Allagyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Remezany berdim, roza tutmadyñ Agşam süýji-süýji iftar etmediñ Ne u.n dogry ýolumdan gitmediñ Diýse Allahyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Günäden gaçmadyñ tutmadyñ emri Bihuda ýerlerde geçirdiñ ömri Gör näçe kömelmiş dünýäde jümri Diýse Allahyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Azanlar okaldy ne u.n duýmadyñ Sen ne u.n Rahmana sejde kylmadyñ Men hen saña Jennedimi bermedim Diyse Allahyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Gadyr gije berdim ne u.n bilmediñ Iki rekat bolsun namaz kylmadyñ Howaýy ishlerden sen utanmadyñ Diýse Allahyña ne jogap berjek? ¤ ¤ ¤ Ne ucin täret alyp kylmadyñ namaz Ýalbaryp Rebbiñe etmediñ nyýaz Halk içinde adyñ çykmysh bi namaz Diýse Allahyna ne jogap berjek?

Köneler, Jeihun07 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir