synag mowsumi tamamlanyp barya. Ertir in sonky ekzamen. Uffff. In kynynam sonuna goyupdyrlar. Borla buda gecer diyp tapan kitabymy yuklenip oye ugradym. Golum gopup gelya .kitaphanan yaryny alyp sunca kitaby ertire cenli okajak yaly hamala. Gorky bn tolgunma birigse adamyny dali etjek. Kellam ertirki synagda, nira baryanyma seretmesem hem ayaklam onki endigi boyunca duralga tarap ugur aldy. Talyp hakynama taze aldyn bar taksa munsene sunca gosun bn awtobusda nama isin bar diyip seytan durtip goymady. Taksa hyyalananymam soldy welin anyrdan uly gyz dey sulmurap yas gelin dey naz edip assa basyp uz yorap men arzylym hem gelya. Goni yzyma dolandym olam tawus gus yaly onumde togtady. Ylgap mundim. Men bilen bile uc sany yene taly mundi. Yekeje yer bos. Ol yer menki bolmaly hokman. Topulup oturdym. Yensime oz-ozum guwandym. Gownume beyleki yolagcylar mana goriplik edyan yaly boldy. Arkayyn ornasyp oturdym. Iki duralga gecman keypime sogan dograldy. Awtobusa garryja dayza mundi. Oturan yolagcylardan men bilen bile uc yolagcy yasdy. Ucimizden biri yer bermeli. Yok men dal men yadaw hem olan ikisem oglan yuzlerem yagly capady yaly yadaw gorunenok.uffff turanoklar dayza golaylasya. Gecin dayza oturyn. Biguna dayza gunali yaly seretdim. Getir gyzym gosyny mana beray diyan dayzan sesi gyryk cykdy. Yok dayza agyr dalle diydim aslynda agyrdy dayza dozmedim elimdakinem bersem dayza agyrlyga cydaman cokerdi. Turdym yanky yigitlere sumkamy gujenledim. Agyrdygyny duydurjak bolup yuzumi ajytdym. Bolmady. Yuzlerine gaharly seretdim bolmady. Olam mana seretya. Way binamys utanmana derek meni utandyrjak bolya. Yokla seredenok yok seretya. Yzdaky oglan yogyn sesi bn turist myhmanhanan yanyndaky astanowkada aydayyn dp gygyrdy. Menem su ullakan yazgyny gorman duransynow at oynatma ustesine mana lakam etya bihepbe ondana yer ber diyip icimi gepletdim. Yanky yerimde oturan dayzada su duralgada dusmeli diydi. Yzdaky oglan ondakin egnine kakyp sepe gelaydik oytyan diydi. Olar eplenip goyulan hasalaryny acdylarda biri birine dayanyp awtobusdan dusdiler. Yzdaky dayzalar wah gul yaly cagalarda huday synasyny abat bersin diyenleri cala gulagyma ildi. Sonam yerimin eyesi dayza su yerde olaryn merkezi hem kerlerin we korlerin kitaphanasy bar sol yere gelyandir cagalar oyde eplenip yatman isleyandirler tuwelleme diydiler. Men bolsa bosan iki yerede oturmadym. Oz-ozumden olara yapan gunalemden utandym.gosumam agyr dal yaly boldy. Synagam yatdan cykdy men sukur etdim.su yagdayyma gorer gozume. Wah kate durmusyn akymana garylyp biz gor nameleri unutyas. Nama howlugyas. Nira baryas. Edenine sukur etmegi yanky gunalam oglanlam yatdan cykarmaz yaly edip gitdiler.

Köneler, tekegyzytatyana tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir