Ogurlykdyr,cope paste etdim tmolympiad saytdan 1999-njy ýyllarda ýazylan bire zat. telewideniýe serial etmek üçin niýetlenipdi. ýöne durmuşa geçirilmedi. ýaltanmasaňyz okap görüň (kommpýutere göçürip soň okasaňyz hem bolar). brazil teleseriallaryndan kän gowy zat. köp zat barada.... awtory belli däl. Birinji epizod Dañ atyp barÿar. Šäheriñ köp etajly jaÿlary dañyñ ümüš- tamyšynda täsin, tämiz görünÿär. Olar içinde geñ oÿnawaçlar ÿygnalan gutulara meñzeÿärler. Ynha, Gün dogar her kim köçä döküler. Gutularyñ bu täsinligi hem ÿitip gider. Kä wagt geçip gidÿän mašynlaryñ sesi diÿäÿmeseñ ümsümlik. Bu jaÿlaryñ birinde agšam öÿe giç gelip, häzirem süÿji ukuda ÿatan 23-24 ÿašlaryndaky öÿlenmedik ÿigit Šöhrat kranddan akÿan suwuñ sesine oÿanÿar. Diñširgenÿär. Öÿdäkilerden kimdir biri oÿanypdyr. Ol sagadyna seredÿär. Ÿañy alty. Beÿlesine agdarylyp, täzeden ÿatjak bolÿar. Uklap bilenok. Turup geÿinÿär. Tualede çykÿar. Koridorda jigisi Babageldi bilen pete-pet gelÿär. 17 ÿašlaryndaky ÿetginjek agasynyñ ÿüzüne seredip bilmän müÿnli ÿaly geçip gidÿär. Šöhrat: Näm-aÿ, aladañdan ala- šakyrdy edip, il örüzip ÿörsüñ? Babageldi: Hiç. Šöhrat ÿene ÿerine geçmekçi bolÿar. Šöhrat: (öz-özüne) Indi ÿatybam bolasy ÿok. Ol aÿnañ öñüne baryp çilim otlanjak bolÿar. Otulçöp gözleÿär. Tapman agzy çilimli goñšy otaga girÿär. Girse jigisi Babageldi ÿeke özi namaz okap dur. Ol muña haÿran bolup, näme üçin geleninem unudÿar. Gapyny ÿapyp yzyna çykÿar. Ÿene gapyny açÿar. Babageldi sarsman namaz okap dur. Šöhrat ÿuwašlyk bilen ädimläp otaga girÿär-de bir gyrada ÿatan zajigalkasyny alyp çykÿar. Šöhrat (çilimini otlanyp dašaryny synlap duršuna) Eÿ-ho! Dünÿede her zatlar bolup ÿör-ow. Oñ gara çynymyka-raÿ? Geñ-aÿ. Ol çyndanam Alla bardyr öÿdÿämikä? (pallaÿar) Ukyñ-a išini gördi. Hakykatdanam Alla bar bolsa, dilegiñem daš edip dursa hezil-ä bord-aÿ. Aÿ, ÿataly- laÿ. Dokuza çenli üç sagat bar. (Çilimini tašlap ÿerine geçjek bolanda, ÿene aÿak sesini ešidÿär. Turup gapyny açÿar. Görse ejesi Abadam gapydan Babageldiñ namaz okaÿšyny jyklap dur. Šöhratyñ çykanyny görüp jyklamasyny goÿÿar.) Šöhrat: O näme edip ÿör-aÿ? Abat: Çüš! Namaz okaÿar. Šöhrat: Namaz okaÿanyny menem görÿän. Adamlañ akyly üÿtgäp ÿör öÿdÿän. (dowamy bar)

Köneler, Abadan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir