Arabystan yarym adasy gurak shahralyklardan,chollerden we yarym chollerden ybaratdyr.Dine onun kabir yerleri ekeranchylyk uchin amatly bolupdyr. Ekeranchylygyn in osen yeri Yemendir.Oba hojalygynda gin yayran ekinler bugday,arpa,shaly,shekerchinrigi,kenep we gowacha bolupdyr.Araplar bagbanchylyk bilen hem meshgulanypdyrlar.Bu yerde uzum,mindal,nar,zeytun,hurma,hoz,alma,banan,shetdaly,erik we bashga-da kop miweli osumlikler osdurilipdir.Ekeranchylaryn hojalygynda pisse agachlary ayratyn orunda durupdyr.Sebabi kabir etraplarda ol esasy iymite owrulipdir. Maldarchylyk bilen,esasan, charwalar we yarym charwalar meshgullanypdyrlar.Olar duyelari,atlary,eshek-gatyr we ownuk shaly mallary osdurip yetishdiripdirler.Cholun shertlerinde dunyanin belli bahasy bolmandyr.Kabir arap taypalyry balykchylyk bilenem meshgullanypdyrlar.Araplar duz,altyn,kumush,yarym gymmat baha dashlary almagy basharypdyrlar. Gadym dowurlerden araplara kophudaylylyk miras galypdyr.Olaryn hormatyna kashan ymaratlar gurlupdyr.Araplar beyleki bir tarapdan dine ynanmak erkinliginden hem ginden peydalanypdyrlar.Her taypa,tira,urug hatda mashgalanyn hem ozinin chokunyan hudayy bolupdyr.Hudaylaryn shekilleri durli zatlardan:agachdan,altyndan,kumushden,dashdan edilipdir. Arabystanyn gunortasynda,Yemende yagday bashgacha bolupdyr.Bu yerlerde |V _V asyrlarda kophudaylylyk yitip, olaryn ornuna yeke - tak Hudaya uymak kemala gelip bashlayar. Arabystanyn dini durmushynda Mekganin we ondaky Kabanin ahmiyetini ayratyn nygtamak gerek.Kaba dortburch gara dashdan bolup,onun dashyndan 360 sany durli butlar shekilleri yerleshdirilipdir. Kabe ahli arap taypalarynyn diyen yaly sygynyan hem-de zyyarat edyan yeri bolupdyr.360 butlaryn shekilini yylyn her guni bilen hem baglanyshdyryarlar.Kabanin yanynda Zemzem guyusy yerleship,onun suwy keramatly hasaplanylypdyr.Ol yerde gan dokmek,ynsan mertebesini peseltmek,ejize azar bermek gadagan bolupdyr. Her yylyn belli gunleri Arabystanyn char tarapyndan araplar zyyarata gelipdirler.Zyyarat Mekgede bolyan sowda ishleri bilen utgashyrylypdyr.Mekgede zyyaratchylar adaty eshiklerini chykarypdyrlar,yorite ak eshik geyipdirler.Dini dap-dessurlary berjay etmeklik yedi gunlap dowam edipdir. In sonky pygamber we taze dini esaslandyryjy Muhammet Aleyhyssalam 570-nji yylda Mekgede asylly mashgalada eneden doglupdyr.Muhammet yashlykdan yetim galypdyr we chagalyk dowrunde kop kynchylyklary bashdan gechiripdir. Muhammet pygamber Mekgede on uch yyllap birhudaylylygy wagyz edipdir.Sheydip,onun toweregine adamlar jemlenip ugrapdyrlar.Olary ”Musulman” ( Alla boyun bolanlar) , taze dini bolsa ”Yslam” (Alla boyun synmak) diyip atlandyryp ugrapdyrlar. Muhammet pygamberin wagyzlary guychlendigiche,onun hereketlerine garshylyklar hem guychlenipdir.Shonun uchin hem ol oz tarapdarlary bilen 622-nji yylda Mekgeden Yasribe (Medine) gitmage mejbur bolyar.Yslam taryhynda bu waka ”hijret” (gochmek) ady bilen bellidir.Musulman senenamasynyn ya-da yyl hasabynyn birinji yyly shu waka bilen ayrylmaz baglanyshyklydyr. Medinede kop adamlar Muhammet pygamberin yzyna eyeripdirler.Bu yerde yerleshmek bilen Muhammet pygameber Mekgani almak ugrunda goreshipdir.630-njy yylda Musulmanlar araplaryn mukaddes shaheri Mekgani eylapdirler.Pygamber Kabani butlardan arassalapdyr we ony musulmanlaryn bash Mukaddesligi diyip yglan edipdir. Musulmanlaryn gazanan yenshinin netijesinde Arabystanda Muhammet pygamberin bashtutanlygynda bitewi musulman dowleti dorapdir.632-nji yylda Pygamber aradan chykyar.Shonun uchin hem onun yerine orunbasaryny - halyflary saylap bashlayarlar.Bash halyflar Abu-Bekr (632-634), Omar (634-644), Osman (644-656) we Aly (656-661) bolupdyr.Turkmenler bulary ”Dort Charyyarlar” diyip hem atlandyryarlar. Kuran Musulamanlaryn Mukaddes kitaby bolup, ondaky yazgylar Alla tarapyn Muhammede iberilen hokumler,buyruklar, emrler bolupdyr.Sonra shol hokumler Pygamberin aydyshy yaly tertipde, onun egindeshleri tarapyndan jemlenilipdir we ayratyn surelerde yerleshdirilipdir.Musulmanlar Muhammet pygamberin dilinden aydylyan pahimlere we onun omur yoly barada gurrun beryan ”Hadyslara” hem uly hormat goyyarlar. Kuranyn esasynda kanunchylar musulmanlar uchin yorelge duzgunlerini - sherigaty (hak yol) ishlap duzupdirler.Bu bolsa yslamyn musulmanlar uchin dine bir din bolman,eysem, onun durmush yorelgesi hem-de uly bir gymmatlyk bolup duryandygyny hem gorkezyar. Araplaryn yorishleri we yslam dininin dunya yayramagy.Bitewi arap dowleti emele gelenden son,taze yerleri eyelemek we yslam dinini yayratmak uchin yorushler bashlanyar.Araplaryn atly goshunlary Wizantiya tarap hujum edipdirler we Siriyany,Palestinany we Musuri alypdyrlar, birneme sonrak bolsa butin Demirgazyk Afrikanyn deniz kenarlaryny eyelapdirler.Shol bir wagtyn ozunde Eyran hem basylyp alnypdyr.711-714-nji yyllarda araplar butin Ispaniyany diyen yaly alypdyrlar,dine 732-nji yylda Puatyenin eteginde olaryn hujumleri franklar tarapyndan togtadylypdyr. Gundogarda araplar Hind deryasynyn kenaryna yetipdirler. Merkezi Aziyany eyelap,arap goshunlary 751-nji yylda Talasyn yanynda hytay goshunlaryny derbi-dagyn edipdirler.Sheylelikde,yslam dini alyslara yayrapdyr we kop halklaryn osushine uly tasir edipdir.Basylyp alnan yerlerde kuwwatly arap halyfaty kemala gelipdir. Dordunji halyf Alynyn dowrunde,dowletde agzalalyk guychlenipdir.661-nji yylda Aly oldurilenden son,araplaryn Siriyadaky dikmesi ozuni halyf diyip yglan edyar.Ol Mekga-de,Medina-de gitman,Damaskda galypdyr we Omeyyalar nesilshalygyny (661-750) esaslandyrypdyr. Oguzlar-turkmenler yslam taryhynyn irki dowurlerinde.Turkmen halky yslamy ilkinji kabul eden halklaryn biri hokmunde Arap halyflygynyn taryhynda uly yz galdyrypdyrlar.V||| asyryn ahyrlaryndan bashlap halyflaryn koshgunde turkmen serkerdeleri,dowlet ishgarleri peyda bolup bashlayarlar.Olar yurtdaky dowlete hem-de dine garshy turyan topalanlaryn kopusi turkmen serkerdelerinin bashtutanlygynda basylyp yatyrylyardy. Halyf Al-Mutasimin (833-843) Dolanay Beg,Menli Chor,Beyik Buga,Afshin at-Turki,Ahmet at-Turki,Abu as-Sach atly meshhur turkmen serkerdeleri bolupdyr. |X asyryn ikinji yarymynda -X asyryn birinji yarymynda Bagdatdaky halyf kosgunde turkmen serkerdelerinin abrayy has hem artypdyr. Abbasy halyflygynyn dowrunde kabir turkmen serkerdeleri ozbashdak beglikleri doredipdirler.Olar turkmenler tarapyndan Musurde doredilen Tutunylar (868-905) we Ihchidiler (935-969) beglikleridir.Tulunylaryn hem - de Ihchidilerin dowrunde Musur ulkesi uly osushlere eye bolupdyr.

Köneler, Mergen0492 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir