Dostuň bolsa, nirde bolsun, parhy ýok, Bir obada, bir şäherde, ýa daşda, Baryp, görüp bolmajak bir ülkede, Ýa ýürekde ýaşasa, bimahal ölüp, Ýöne dostuň bolsa, dost bolan bolup, Ilkinji öwrümde düşüp galmasa, Maşynyňdan, motoryňdan, tigirden, Hem yzyňdan daş zyňmasa goşulyp, Duşmanyňa, özi özüne duşman; Dostuň bolsa, bir ýa iki, parhy ýok, Ýöne duşmanyň bolmasa, Duşmanyň arzyny gaçyrýan hemem Duşmanyň bolanna etdirýän puşman.
Dost hem duşman meselesi
- 
                wulkan
                13 years ago
                
- Wi student men mail.ru sorapsyn welin bash ustune ynha (azatlyk2012)
 
- 
                wulkan
                13 years ago
                
- Dost super! yone awtornyn adyny yazaymaly eken.
- 
                wulkan
                13 years ago
                
- Dost super! yone awtornyn adyny yazaymaly eken.
- 
                sahett
                13 years ago
                
- ozi duzen bolaymasyn
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- gowuja go$gy.sag bol student!
 
 Ýokardaky belgilerde ýazylypdyr.student3 diýip.(awtoram $odurda)
- 
                tekegyzytatyana
                13 years ago
                
- akmak dostdan dana dusman yagsydyr
- 
                smak95
                13 years ago
                
- ajayyp shygyr
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- dostluk - döwlet, tämizligiň gözbaşy
 çyn dostuň ayagna goyyaryn başy
- 
                Abadan
                13 years ago
                
- Gowy düzülipdir,gowy dostam her kime tapdyryp duranok.
- 
                asdas
                13 years ago
                
- dogry aytyan abadan
 
- 
                handsome1
                13 years ago
                
- Ägirt ymaratdyr dostluk diyen zat,
 ony guranda da howlukmaly dal,
 ony bozanda da howlukmaly dal.
 Ony guran wagtyn howlugyp gursan kan,
 kan kerpiclen hata dusmegi ahmal,
 ony bozan wagtyn howlugyp bozsan,
 çyn dostundan jyda dusmegin ahmal.
 Kerim Gurbannepesow
- 
                Mergen0492
                13 years ago
                
- Gowja goshgy ,ozi düzüpdir oyütyan!
- 
                Younglord
                13 years ago
                
- :up: gaty gawyja goşgy eken
- 
                1merdan
                13 years ago
                
 Dünýäden nesibäň göterlen güni
 Dosty-ýar kän,
 Hossar kän toýyň toýlajak,
 Al-şerap aýlajak,
 Al-şerap içjek!
 Emma gerdeniňe alyp ýüküňi,
 Hany, seniň jiger derdiň çekişjek?!
 Mydam depesinde göterip ýörmän,
 Günleň biri bulap urýar keç pelek.
 Ine, şonda paýlaşmaga derdiňi
 Jigerdeş,
 Bagyrdaş,
 Ýürekdeş gerek!
 
 ...Gursakdaky derdim geçende çenden,
 Men daglara gidip,
 Derdimi aýtdym.
 Daglar meni göterdi al-asmana,
 Men daglardan
 Dag deý
 Beýgelip gaýtdym!
 
 Ýürekde hesretim edende heläk,
 Beýewana baryp aýtdym men derdim.
 Hydyr gören çöller ruhum täzeläp,
 Berdi maňa dünýä ýaly giňligin.
 Üýşüp-çaşyp toý meýlisler sowylýar,
 Emma derdiň ýeke çeken ýagşydyr.
 
 Gussaň bölüşmäge derdiň bolmasa,
 Baş alyp
 Daglara çykan ýagşydyr!
 
 Bu dünýäniň syry kändir darydan,
 Hoş günüňde tanap bolmaz päk dostyň.
 Mydam saňa tanap berer Ýaradan
 Agyr günde dert çekişjek hak dostyň
 
- 
                1merdan
                13 years ago
                
- Dosty näçe söýseň-söýip ýörmeli,
 Oňa näçe sepaý etseň az ýaly.
 Ýokdyr dostyň gymmady, ýa arzany
 Dost dost bolar oňa janyň bermeli.
 
 Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
 Şoň üçin gar gyşda galanny bilseň.
 Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan,
 Iň soňky otlyçöp dänesi bolsaň
 (G.Eziziow)
 
- 
                mahribanjan
                13 years ago
                
- dost ajyny dusham suyjuni sozlar.
- 
                mahribanjan
                13 years ago
                
- dost ajyny dushman suyjuni sozlar.
- 
                Ayjagash
                13 years ago
                
- gowy goshgular. barynyza kop sag bolsun.
- 
                makgush
                13 years ago
                
- Gowy goşgy.
- 
                Bayramsoltan
                13 years ago
                
- Bir gun soygi bn dostluk totanleyin dushushupdyrlar. Soygi gownuyetmezchilik bn dostlukdan sorapdyr: - men adamlara has yakyn, sen nama gerek?! Dostlugam shonda: - sen gidenson, yzynda galdyran gozyashlaryny supurmek un- dp jogap beripdir.
 
 Dostluk mukaddesdir!
 
 
 Berekella, meylis! Gowy yazypsyn. Sana doredijilik aleminde ustunlik arzuw edyan.
wulkan 13 years ago- Dost super! yone awtornyn adyny yazaymaly eken.