Türkmen metbugaty 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak prezident saýlawlaryna sekiz dalaşgärden ýene-de bir kandidatyň – ”Türkmennebit” döwlet konserniniň ”Nebitgazdüýpliabatlaýyş” edarasynyň dolandyryjysy Gurbanmämmet Mollanyýazowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky programmasyny çap etdi. Gurbanmämmet Mollanyýazowyň programmasynda nebit-gaz pudagyny ösdürmek, nebit-gaz toplumynda täze desgalary gurmak we ýangyç serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek bilen ilatyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mollanyýazow 12-nji fewralda geçiriljek saýlawlara gatnaşýan kandidatlardan öz saýlaw programmasy bilen türkmen metbugatynda çykyş eden üçünji dalaşgärdir. Mundan ozal häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Kakageldi Abdyllaýew hem öz çykyşlarynda, umuman aýdylanda, nebit-gaz we şuňa meňzeş biri-birine çalymdaş teklipleri öňe sürdüler. Mollanyýazowyň türkmen metbugatynda 12-nji ýanwarda çap edilen programmasynda ýurduň bilim, saglygy saklaýyş, medeniýet, dokma senagaty, döwlet durmuş üpjünçilik pudaklary ýaly ugurlary ösdürmek barada gürrüň edilýär. Şeýle-de ol öz programmasynda ekin ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, maldarçylygy hem guşçulygy ösdürmek işlerine hem uly üns berjekdigini wada edýär. Gurbanmämmet Mollanyýazow 2012-nji ýylda gurluşyk toplumynyň kärhanalarynyň kuwwatyny 2011-nji ýyl bilen deňeşdirende birnäçe esse ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlaryny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny hem nygtaýar. Demir ýol we awiasiýa ulgamyny ösdürmek, ähli welaýat merkezlerine we dünýäniň köp döwletlerine ýolagçy howa gatnawynyň sanyny artdyrmak onuň programmasynyň jümmüşindäki meseleleriň biri. Mollanyýazowyň programmasynda Türkmenistanda telekommunikasiýa düzümini ösdürmek, interneti elýeterli etmek we has-da kämilleşdirmek hakda gürrüň edilýär. Şeýle-de ol halka gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň, benziniň mugt beriljekdigini, durmuş we ulag hyzmatlary üçin iň pes tölegleriň saklanjakdygyny, aýlyklaryň, pensiýalaryň we studentleriň stipendiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň bolsa dowamly köpeldiljekdigini aýdýar. Ol oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw arassalaýjy desgalary, suw geçirijileri gurmak planlarynyň bardygyny aýdyp, munuň oba durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we ilatyň saglygyny berkitmekde uly rol oýnajakdygyny aýratyn belleýär.

Köneler, MerdanR tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir