Hakyky söýgi Edebiýatda kitaplarda, romanlarda, aýdymlarda, goşgylarda, teswirlerde we hergünki durmuşda yaşlaryň arasynda iň köp “söýgi” temasy bilen duşýas. Bu söýgide ýada oglan gyzdan aýrylan ýada gyz oglandan aýrylan, bu edebiýatda söýgi diýmek aýrylyk diýmek. Mejnun we Leýla, Romeo we Julietta,.. haýsysyna seretseňiz hemmesinde aýrylyk. Gündelik durmuşda da iň köp bir birinden aýrylan ýaş “söýgili”leri eşidersiňiz. Biraz wagt geçen soňam “söýguli”ň ýerini başgasy alýandyr. “Sensiz ýaşap bilmern, seni söýýän” diýp soňam aýrylşyp başga birine ýene şo sözleri gaýtalamak, onda da oňman ýene de bir birinden şekaýatçy bu “söýgili”leriň bu ýagdaýy çukurdaky çäresizliklerini görkezýä. Asly adamzada berlen bu söýgi duýgysynyň ýalňyş adreslerde gözläp netijede bu ýarasynyň ajysyny wagtlaýynça dyndyrmak üçin bir derman, melhem ýalydyr bu “söýgili”ler. Biriniň dozasy gutaran wagty täsir güýji peselýä we täzesini tapmaly bolýa. Wyjdany aglap, syzlap ajy duýýandyr ýöne bir aldanmaklyk bilen özüni günasiz görýä, çykyp bolmaýan bir çukura düşýä. Bular ýaly ýagdaýa düşen ýaşlar ilki bilen köp dileg etmeli, on soň tejribeli we sözleri täsir edýän birilerinden nasyhat diňlemeli, içindäki bu söýgiň oňa uly bir maksat biler berlenini bilmeli. Herkim ýalňyşyp biler, “hatasyz gul ýokdyr” esasysy umytsyzlyga düşmän ýykylan ýerinden turyp ýene uly maksady ugruna dowam etmekdir. Uly maksat dogry adres hakyky söýgidir. Diňe hakyky söýgi kalbymyzdaky bu ajyny dyndyryp biler. Bu söýgi bilen adamzat dünýäde jennediň gyrasnda ýaşap ýören ýaly bagtlylyk duýar. Şonda uly maksatlar ugrunda ýaşaýan, hakyky manada milletini, halkyny alada edýän, durmuşda başarnykly, dünýä sözi geçýän altyn nesil ýetişer.

Köneler, ttmli tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir