häliden bäri asmandan seçelenýän dür monjugy deý damjalaryň penjiräňe degşi, `şyg-şyg` edip durman, birhili, kalbyma gozgalaň saldy. öz gözelligine özi begenip, porhan bolup oturan ýazyň begenç gözýaşlaryna ýüzüni ýuwan gülleriň birhili näzik keşp bilen garkyjaklap durşy, o şahadan bu şaha böküp, `heý janelek` oýnap ýören guşlaryň täsin nagmasy-da gozganan kalbymyň çuňlugyna düşüp, dünýäme ajaýyp owaz etdi. men penjiräniň öňüne bardym-da, daragyny batly-batly kakyp oturan asmana nazarymy dikdim. hut şol pursat hem häli irden howlumyzdaky bassyrmanyň aşagyna ýazylan enem janyň tegelek halysyna gözüm düşdi-de, `birden ol ýagşa eziläýmesin` diýip, daşaryk ylgadym. halyçany öýe salanymam şoldy welin asmanyň gümmürdisi-de galdy, ýagşy-da. asman, birhili öýkeli ýaly garaldy duruberdi... wiý, wiý, bu nämäniň alamatyka? hä-ä, bildim, asyl asman dumly duşdan gülden dokap oturan halysyny hut enem janyň halysyna seredip ondan nusga alyp dokap oturan bolmaly. öýkeleme asman, öýkeleme, bilmändirin. men ol halyçany ýene ýazaýaryn, dokaber asman dokaber ajap halyňy. men halyçany daşary çykardym. hyýalymda bolsa, ol halyça ho-ol gadymy ertekilerdäki jadyly, uçýan hala öwrüldi-de meni ýazlaryň ýüreginde kömelekli ýaýlalarda gaçan päkize çagalygyma tarap alyp gitdi. men tolgunyp başladym. çünki, ol ýaýlalaryň her bir güli seni ýatladyp dur-da, ýüzüniň her galypynda mähir dünýäsi mesgen tutan, ýüreginiň agy saçyna ornan mähriban käbäm! ol wagtlar ýaz gelibildigi meni ýanyňa alyp, howluda ak patrak deý bolup oturan erik agajynyň düýbüne şo-ol tegelek halyçany ýazyp, many ýüki ýetik hekaýatlary, gürrüňleri aýdyp bererdiň. şol hekaýatlaryň biri aňymda hemişelik galypdyr: dünýä injek çaga dogulmazdan bir gün öň allatagala bilen duşuşar: çagajyk näalaç, “allahym, dünýä gidip ol ýerde näme etjegimi bilmeýärin.” diýipdir. onda allatagala: “men seniň üçin perişde ýaratdym, ol saňa sereder.” diýip jogap beripdir. çagajyk bolsa, “allahym, olaryň dilini bilmeýärin. olar bilen nähili düşünişeýin, nädip gürleşeýin?” allatagala bolsa, “seniň üçin ýaradan perişdäm, saňa olaryň dilini öwreder.” diýipdir. çagajyk ýene-de: “allahym, eşidişime görä dünýäde köp ýamanlyklar barmyş. olardan nädip baş alyp çykjagymy bilmeýärin.” “seniň üçin ýaradan perişdäm, seni janyndan eziz edip ýamanlyklardan gorar. alada etme.” diýip allatagala jogap beripdir. çagajyk “allahym ýöremegi hem bilmeýärin?” allatagala bolsa, “seniň üçin ýaradan perişdäm, ýöremegi hem öwreder.” diýipdir. gitmeli wagt bolanda perişdeler geler we dünýä gitmeli wagtyň gelendigini aýdarlar we allatagalanyň huzyryndan alyp barýarlarka çaga ýene-de sorar: “allahym meniň üçin ýaradan perişdäň ady näme?” allatagala bolsa “ady hökman däl, emma sen oňa eje diýersiň.” ah, talyp deňduşlar, meniň makalam ynsan keşbine giren perişdeler, ýagny mähriban enelerimiz barada. deňduşlar, “maňa hiç kim seredenok diýip pikir edäýmäň! enäniň mähir gözleri gije-gündiz humaý guşy deýin depäňizde perwaz urýandyr. siz nirede bolsaňyz hem eneleriň ýüregi siziň bilendir” diýip beýik serdarymyz mukaddes ruhnamasynda belläp geçýär. ah, ejeler, ejeler! siz biziň perişdämiz, goragymyz! siziň keremiňiz hakda oýa batsam, şa atamyň eziz käbesini ýatlap: keramatdyň eje jan, perişdediň perişde. dönüp diri gaýyba. gidiberdiň behişde... enäň sypan başyna kesel kär edebilmez. enäň öpen maglaýyn takdyr şor edebilmez. eneleň ýüzi gülse bolmaz kyýamat bolmaz. hudaýa kepil duran eziz enedir ene. diýen dürdäneleri kalbymda aýdym bolup ýaňlanyberýär. (jahana ýazlar geler eneleň göwni bilen) diýen setirler hem bar. biz eneleri ýaza meňzedýäris. ýöne siz bir güýz gülüni göz öňüne getiriň. bir ýerde karar tapman köwsarlap ýören güýz şemaly. sähel güýçli şemala şahasyndan tänip, howada gaýyp gaýyp gidýän, ýa-da göni ýere gaçýan sary ýapraklar. şujagaz pursat – perzendiň sähelçe şatlygyna `şahasyndan tänip`, gaýyp arş deňine göterilýän, sähel gussasyna öňkiligini ýitirip sararyp solýan eziz ene göwnüni ýadyňa salmaýarmy eýsem?! ähli garalygy, tegmili örtüp dünýäni aklyga besleýän ak gyşlarda-da ýerdäki perişdeleriň – eziz eneleriň päkize göwnüne çalymdaşlyk bar. ýeke tapawudy ene göwni gyş ýaly sowuk däl gaýtam tersine howurly tomus kimin çogly, nurly, mähirli. göwnüme bolmasa eneler öz ýüreginiň nuruny tomusa, päkligini gyşa, görküni ýaza, goýazylygyny güýze bagyşlaýan ýaly. ömrüni bolsa, tutuşlygy bilen bize - perzentlerine bagyşlaýarlar. çagakak ejemiz bizi güýmemek üçin surat beýleki çekip berse, `wiý ejemiz gowy suratam çekip bilenok` diýip gülşerdik. wah, soň düşünilýär-dä, biziň ömrümiziň, ykbalymyzyň keşbini jemalyny çekip ýören şu ezizlerimiz ahyry. bu keremli mähirden 8 ýaşda jyda düşüp her demde şonyň didaryny küýsäp gezen beýik serdarymyzyň eneleri arzylaýşy juda başgaça: `ene mukaddesdir, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüňlerem mukaddesdir.`sebäbi olar perzentleriniň üstüne kükregini gerip şemaldan gorap, güneşde säýä bolup, çöregiň owuntugy deýin eý görüp ösdürip kemala getirýärler. agzyndakyny kesip bize berýärler. seni söýýän, söýýän, diýenim bilen. men entek hiç zady diýemok ogul! sebäp ýuka ýürek bilen söýýärin. bu galyň dil bilen söýemok ogul! saňa özüm goýdym, eminjan ady. öýmiziň bezegi ojagmyň ody. elime tutdyrylan bir delje zady. saňa goýýan özüm iýemok ogul. diýip mähriban käbämiň ýüregi owaz edýär. eneler, eneler! ýerdäki perişdeler! men näme diýsemkäm?! siziň keremiňiziň yşkyna düşüp, zemin gürleýärkä, ýaz gülleýärkä, ikiýan elenip dag gürleýärkä men üýtgeşik näme diýip bilerin?! iň bärkisi, iki setir ýazgyny hem gözüňe aşa ýakyn tutsaň, ony okap bolanok ahyry. ene gudraty hem ýüregimize juda ýakyn bolany üçin, ýok, ýok, edil ýüregimiziň özi bolup gürsüldäp durany üçin oňa hiç haçan düşünip bilmeris... edil şu pursat bolup geçen bir waka ýadyma düşýär. bir gün dünýä inen bäbejigiň gulaklary ýokmyş. bu çagajyk çagaka öz keminiň parhyna barmasa-da eýýäm çagala,r bagynda özini ýalňyz duýup başlapdyr. gör, biziň özimize ýa-da mähriban käbämize bagly bolmaýan gulaksyzlyk hem ynsany jemgyýetden nähili uzaklaşdyrýar?! heý bu ýerde çagajygyň günäsi barmy?! belkide allatagala bu çagajygy hut eýup kimin sabyr takaty bilen synag edýändir. mekdep ýyllary öz deňduşlarynyň kemsitmeleri bu çagajygy has-da ýyprandyrdy. lukman eger gulak tapylsa çagajyga öz kömeginiň ýetjekdigini aýdýardy. muňa ene-atanyň begenjiniň çägi bolmaýar. şeýlelikde çagajyk gulakly boldy oturyberdi. gulaklar adamy gör nähili bezeýärdi?! gör indi çagajyk nähili bagtyýar. bu wakadan soň birnäçe ýyl geçipdi. birgün öz mähriban käbäsiniň bakyýete ugrandygy barada habar geldi. garagözlerini ýaşdan dolduryp `razy bol ejejan!` diýip öz mähriban käbäsiniň ak gar ýaly saçlaryny sypalanda oglanyň kalbynda ýyldyrym çakyp gözleri garaňkylap gitdi. ol öz mähriban käbäsiniň gulaklarynyň ýokdygynyň parhyna bardy. ol özüniň şunça ýyllap nädip gulakly bolandygy barada oýlanmandygyna, beýle gymmatlygy özüne peşgeş beren adamyň kimdigini bilip oňa minnetdarlyk bildirmändigi üçin gaty ökündi. görsene, allatagala eneleri nähili mähirli ýaradypdyr. belki-de şol sebäpden `jennet ejeleriň aýagynyň astyndadyr`. bir munidyny soňsuz ömre çalyşyp bolmajak jennet gymmatlygy. ýöne men bir zady anyg-a bilýärin: `bir ötegçi yşk üçin ýüregini gursagyndan sogryp, alyp barýarkaň hem, sähel büdreseň: wah, bir ýeriňi ynjydana dälsiňdä` diýip diňe eneler seslenip bilýär. m. ruhnamamyzda beýan edilişi ýaly, gara gyşyň aýazynda garyň astynda galanyňda ruh bolup dadyňa ýetişip, seni azapdan halas edip bilýän, ömürboýy beren jebri jepaňy iň soňky demde `razy bolgun ejejan` diýen ýeke sözüň üçin bagyşlap bilýän ene gudraty daşymyzda hudaý guşy bolup pel pelläp ýörkä dünýämiz hemişe ýazdyr bahardyr.

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir