Gije sagat 03:12. hemmeler ýatyr... Gum-gukluk. Ses-üýn ýok. Diñe ýekeje zady eshitýän - ýüregimiñ gürsüldisi. uky gelenok gözüme. Bu ýagdaý birinji gezek däl. bulashdyrdym, hasabymy ýitirdim... sag egnim ýadady... Çepime agdaryndym... Birsalymdan çepimem ýadady... Dikeldim... Dash çykdym... Biraz aýlandym koridorda... pikir etýän... sho bir pikir kelledäki... Beýle-de bir ýüregedüshgünç "kesel" boljak eken! Ölçerýän, dökýän, agtarýan, çykalga gözleýän... O nämäñ çykalgasy? Bilemmok... Ýöne ýene çykalga gözleýän... Shu düshen ýagdaýymdan; aýylganç pikirlerden; ukusyzlykdan; manysyz durmushumdan; shu günümden geçmishime dolanmak isleýän... Näme üçin geçmishime? Sebäbi, geljegime shübhesiz garaýan. Muñam sebäbi, shu günüm. Shu günüm bulashyk. Geçmishimde süýji günler galdy. Günler??? Has dogrusy, ýatlamalar. Ýatlama diýesim gelenok. Sho günleñ Ýatlamalara öwrülip barýanyny boýnuma alasym gelenok... Ýeri bolýar, ana, çalaja ukym geljek bolýar. Ýatyp biläýmezmikäm?! Synanyshaýyn... Sag-amanja ýatyp turuñ!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir