eje ,eje sen name ucin bardesin, kakam aglamjyrap ejen taze oyi indi bari... diydi senin öyin aynalary name üçin yok , gapysy name üçin yok... sen bu öye nadip girdin eje, köçelerin gaty dar, yol üstinde seninki yaly bir süri öy bar. sen mana gerek... hiç gormazdym sen barkan. yatamda-da duyyardym senin ayagujumda oturanyny we meni mylayym öpüşini... gijelerine gorkyan eje... eje, ejem name üçin gelmeyar diyip sorayaryn, "ejen taze bir öye göçdi" diyyar kakam. göçmek,göçmek name diymek eje... önkisi yaly kakamda öpmeyar meni, göçen öyünden ejemi alyp gel diyyarin, ejem dem almaz ol yerde, ejemin içi gysyar olyerde diyyarin, ejem gidenden bari sen meni söymeyarsin... name bolar ejemi yzyna getir diyyarin, kakam yene aglayar, men bu yyl okuwa başladym, geçen gün mollymym her kim bir surat çeksin diydi, men senin öyüni çekdim eje, gonşylaryn öyünide çekdim, yol boyy düzülen agaçlaryda, okap bilmedigim yüzüne bir zatlar yazylan ak daşlaryda, hatda öyün töweregindaki gülleride, mollymym eline aldy, surata bakdy-bakdy, namüçindir gözleri yaşdan doldy, yanagymy şeyle bir ogşady, sonra mana seredip aglamaga başlady... mollymymda aglayar eje, seret, olda gowy görmedi senin taze öyüni gowy görsedi, "nahili owadan surat "diyerdi, yyldyzly gol çekerdi, belkide diwara asardy, emma... her gün irden klasdaşlarymy ejeleri getiryar, partadaşymyn ejesine, dayza sende göçjekmi taze öyüne diydim, "yok, diydi bizin öymiz bar" aa...bizin öymizde bar emma ejem göçdi, belki içi gysar, belki meni küysarde dolanar diydim, dayza, sen bir göçme diydim, hyjgyra-hyjgyra aglamaga başlady,partadaşymyn ejesi, her kim aglayar eje, ahli kişi aglayar, hiç kim senin taze öyüni gowy görmeyar, meni söymeyanmi? meni küysemyanmi? name bolar, dolan, sana mataç... kawagt okuwa sen akit, seni hiç gynanandyrmaryn, geçen gije kakam"name üçin öldin sen" diyip sana gygyryardy, ölmek , ölmek name diymek eje...ölmek, sen öldin, aa... akwaryumdan çykaran balygymyz yaly bir gezekde dem almarsynmy? hiç gülmersinmi? name bolar, çyk ol öyden seni küyseyarin, sana mataç, name bolar! dolan... dolanmajak bolsan menide yanyna al, eje, eger, eger mende göçsem sen yaly, söz beryarin, çagamyda yanymda aljak, eje dolan eje, dolan... sana mataç, dolan...

Köneler, sivee tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir