Ibn Omar(r.a.) rowaýat edýär: Älemleriň serweri aleýhi efzalus salawat şeýle diýdi: Kyýamat güni ymmatymyň bir kysmy jähenneme emr ediler. Olar Jähennemiň gyrasyna gelende, aglamaga başlapdyrlar. Azap perişdeleri olary jähenneme atjak bolanlarynda olar şeýle diýer: Biraz sabyr ediň, halyma aglaýyn. Şonda perişdeler: ----Dünýäde diri wagtyň aglamadyň. Indi bary bir aglanyň peýdasy degmez, diýerler. Ol kimse: ----Men adam ogly. Oda çydap bilmen. Men Muhammediň ymmaty. Hak tagaladan umydym beýle däldi Perişdeler: --Umydyň nähilidi? -Rebbimden meni ýahudy hem nasara bilen deň tutmaz diýen umydym bardy. Perişdeler: --Häzir hezreti Muhammet(s.a.w.) aleýhis salam Rebbiň ýanyndadyr. Çagyr ony. Goý, derdiňe derman bolsun, ýogsa jähennemiň teýine gidersiň. O kimse bu sözlere haýran galyp, Pygamberleriň Seýidini (s.a.w.) çagyrýar. Ynsyň-jynsyň hormatlysy bu kimsäniň sesini eşdip, şol ýere geler we ony perişdeleriň penjesinde görüp şeýle diýer: ---Eý, perişdeler bu kimsäni maňa beriň. Halyny sorap amallaryny (günä sogaplaryny) täzeden çeksinler. Perişdeler: ----Eý, Allanyň Resuly(s.a.w.) Tä Hak tagaladan emr gelýänçä biz bu kişiden el çekmeris. Çünki biz diňe Allanyň buýrugyny ýerine ýetirýäris. Şonda hezreti Pygamber (s.a.w.) ýüzüni Hak tagala öwürip, sejdä barar we şeýle diýer: -Eý, Rebbim perişdeler ymmatymdan birini aldylar-da, ony maňa berenoklar. Şol pursat Hak tagala emir eder: -Eý, perişdeler, gulymy habybyma tabşyryň. Hezreti Resul(s.a.w.) ol kimsäni alyp tereziniň ýanyna äkider. Amallaryny ölçände günäleri agyr geler. Şonda Resul aleýhyssalam ellerini jübüsine sokar we bir kagyz çykarar. Onuň ýüzünde ýazylan ýazgy bardyr. Şol kagyzy alyp terezä goýar welin bu gezek tereziniň sag tarapy agyr geler. Hak tagala perman berer: -Gulymy Jennete äkidiň! O kimsäni Jennede äkiderler. Jennediň gapysynda Älemleriň Serwerini (s.a.w.) görer. -Enem-atam saňa pida bolsyn. Nähili owadan jemalyň hem gözel ysyň bar. Kimdigiňi bilmek isleýärin. Pygamberimiz: ---Men Muhammet Mustapa pygamber men. Şol sahypa bilen günäleriňden sogaplaryň agyr geldi. Çünki ol sahypada maňa getiren salawatlaryň ýazylgydy. Şondan soň ol kişi Hezreti Soltanyň aýagyna ýykylyp, aýaklarynyň tozyny öper we: --Egerde seniň şepagatyň, meniň hem salawatym bolmasady, onda men hem beýleki Jähennemdäkiler ýaly Dowzaha düşüp, dürli hili bela-beterlere duçar bolardym

Köneler, ependi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir