Walter Elaýas Disneý 1901-nji ýyl­ da ABŞ-nyň Çikago şäherinde dün­ ýä inýär. Prodýusser, režissýor, ssenariçi we suratkeş-multiplika­ tor bolan Disneý birnäçe multfilm­ leri döredýär. Flora we Elaýas Disneýiň ogly bo­ lan Waltyň üç erkek, bir gyz doga­ ny bolupdyr. Walter öz dogany Roý bilen “Disney Productions” şereketini döredýärler. Häzirki wagtda bu şereket dünýäniň iň uly film şereketleriniň biridir. “Mikki Maus we onuň ýaranlary” Disneýleriň “Towşanjyk Oswald” atly kinosy 1927-nji ýylda uly meş­ hurlyk gazanýar, onuň baş gahry­ many bolsa Disneý kinolarynyň baş keşpdäkileriniň galareýasyn­ da ilkinji orunda durýar. Ilkinji ady “Mortiber”, emma dünýäde “Mikki Maus” ady bilen tananlan syçanjygyň awtory Ab Aýwerks­ dyr. “Mikki Maus” kino muşdakla­ ry bilen ilkinji gezek 1928-nji ýyl­ da çykan “Akylsyz uçarjyk” kinosy bilen tanyşdyryldy. Şol ýylyň dowa­ mynda Disneýiň “Willi gämiji­ gi” (kino taryhynda ilkinji ses bi­ len şekili sinhronlaşdyrylan film) atly ilkinji sesli filminiň baş gahry­ many bolýar. Awtorlaryna dünýä­ de uly meşhurlyk getiren bu film­ däki Mikki Mausyň sesini hut Walt Disneýin özi berýär. 1929-njy ýylda Disneý “Sada sim­ foniýalar” atly taslamasynyň üs­ tünde işläp başlady we 1938-nji ýyla çenli 70-den gowrak filmleri tomaşaçylara ýetirdi. Şolaryň ara­ synda “Skeletleriň tansy” (1929- njy ý) ýaly filmler bar. Bu filmlerde “Pluto itjagazy” (1930-njy ý), “Gu­ fi köpegi” (1932-nji ý), we “Do­ nald Dak ördegi” (1934-nji ý.) ýa­ ly gahrymanlaryň keşpleri döredil­ di. Disneý we “Ýedi girdenekler” Megerem “Mikki Maus” gahryma­ nyny tanamaýan ýok bolsa gerek. Bu personaž Disneý tarapyndan döredilýär. Disneý 14 ýaşyndaka Kanzas Sitide gazet satyp, gazanç edýärkä, “Garpamyk” atly sessiz multfilmi görýär. Tä ömri ötýänçä bu multifilm onuň ýadynda gal­ ýar. 1934-nji ýylda Grimm dogan­ larynyň döreden ertekisi boýunça Disneý täze döretjek filminiň sse­ narisini ýazýar. 1937-nji ýylyň de­ kabr aýynyň 21-ne Amerikada il­ kinji gezek Grimm doganlaryň ýa­ zan ertekisi boýunça Disneýiň “Garpamyk we ýedi girdenekler” atly doly metražly animasiýa filmi görkezilýär. Bu film Amerikanyň metbugatynda uly seslenme döre­ dip, jemi 8 million dollar gazan­ ýar. Şol döwürlerde täze doly metražly filmleriň çykarylmagy dowam etdi­ rilýär. 1940-njy ýylda italýan ýazy­ jysy Karlo Kollodiniň ýazan erteki­ si boýunça “Pinokkio” atly filmi çykýar. Bu film kino muşdaklary­ nyň we tankytçylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanýar. Filmi dö­ retmek üçin uly zähmet siňdiril­ ýär. Mysal üçin, Pinokkionyň kit balygyndan gaçýan bölümini sura­ ta düşürmek üçin suratkeşler ha­ kyky kit balygynyň özüni alyp bar­ şyny öwrenipdirler. “Oskar” baý­ ragyna mynasyp bolan filmiň sazy­ ny bolsa meşhur Li Harlaýn, Pol Smit we Ned Waşington döredip­ dirler. “Ýyldyzyň üstünde oturyp, arzuw edeňde” atly aýdym bolsa aýratyn baýraga mynasyp boldy. Ol ilkinji bolup sesli, sazly we doly metražly multfilmi döredýär. Ol je­ mi 111 filme režissýorlyk edýär we ýüzlerçe filme prodýusserlik edýär. Çagalaryň iň söýgüli mult­ filmleriniň biri bolan “Mikki Mau­ sy” döretdi. Meşhur režissýor dür­ li ugurlarda jemi 26 gezek “Os­ kar” baýragyna mynasyp bolýar. Ol bu baýragy almakda birnäçe re­ kordlary hem goýdy we häzirki wagtda iň köp “Oskar” baýragy­ na mynasyp bolan aktýor hasap edilýär. Diana we Şaron atly iki gy­ zy bar. Walt Disneý 1966-njy ýylda Kaliforniýada aradan çykýar.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir