1. Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy. 2. Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy. 3. Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler: 4. "Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!". Kemakyla bolsa şeýle diýýär: 5. "Gel, meniň nanymdan iý. Taýýarlan şerabymdan iç. 6. Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre". 7. Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer, ýaramazlyk edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer. 8. Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer. 9. Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar. 10. Danalygyň başlangyjy - Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr. 11. Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar. 12. Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň. 13. Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir. 14-15. Öýüniň gapysynyň alnynda, şäheriň belent ýerinde oturyp, ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär: 16. "Kim nadan bolsa bärik sowulsyn!". Kemakyla bolsa: 17. "Ogurlyk suw süýjüdir, gizlin iýilýän nan tagamly" diýýändir. 18. Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir