$u günki gün Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesinde türkmen dili öwredilýär. Hususan-da, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika Institutynda hem Moskwanyň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen dilinden sapak berilýär. Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika Institutynyň türki diller kafedrasynda türkmen dili hökmany öwredilýän dilleriň biridir. Bu insititutyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça kafedrasynyň ýolbaşçysy Žibek Syzdykowanyň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, institutda türkmen dili Sowet Soýuzy dargansoň, 1992-nji ýyldan bäri ikinji gündogar dili hökmünde öwredilýär. Syzdykowanyň sözlerine görä, türkmen dilini öwrenýänler ykdysadyýet, filologiya, taryh we syýasty öwrenijilik fakultetlerinde okaýarlar, şu ýyl türkmen dilini 8 adam öwrenýär. Türkmen dilinden sapaklary öz wagtynda bu ýokary okuw jaýyny gutaran türki dilleriniň filologiýa kafedrasynyň mugallymy Tanem Bahtiýarowa alyp barýar. Näderejede gyzyklama bar? Soňky döwürde Moskwada türkmen diline bolan gyzyklanmanyň artýanlygyny Žibek Syzdykowa belledi we munuň sebäbini şeýle düşündirdi: ”Moskwanyň dürli ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler bize myhmançylyga köp gelip başladylar. Bizde dürli diskussiýalar geçirilýär. Biz türkmen dilinde erteki kitaplaryny satyn aldyk, Türkmenistandan okuw kitaplaryny, wideo ýazgylaryny getirdik. Netijede dile bolan gatnaşyk özgerip başlady” diýip, Syzdykowa aýdýar. Türkmen dili Moswanyň Halkara gatnaşyklary institutynda hem öwredilýär. Halkara gatnaşyklary fakultetinde okadylýan türkmen dili sapagy türk dilini öwrenýän studentler üçin ikinji dil hökmünde öwredilýär. Bu düzgün 2000-nji ýylda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň karary bilen girizildi. Türkmen dili azerbaýjan we özbek dilleri bilen deň derejede okadylýar. Moskwanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň sözlerine görä, bu ýokary okuw jaýynda türkmen dilini 13 adam öwrenýär. Türkmen diline hepdede alty sagat sarp edilýär. Okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi Ýakynda Aziýa we Afrika Institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz kafedrasynyň guramaçylygynda türkmen diliniň okuw kitaby çap edildi. Kafedranyň ýolbaşçysy Žibek Syzdykowa bu kitabyň awtory Elwira Gruninanyň türkmen diliniň öwredilip başlanmagyna goşant goşanlygyny belledi: Türkmen diliniň GDA döwletleri üçin okuw kitaby” diýlip atlandyrylýan neşiriň awtory türkolog alym Elwira Grunina türkmen dilini entek doly işlenilmedik dil diýip atlandyrdy. Ol diliň mydama özgerip durýanlygyna ünsi çekip, oňa her bir döwrüň ýetirýän täsirlerini düýpli öwrenmegiň ähmiýetini nygtady. ”Globallaşma barada aýdylanda, ol dile-de aralaşýar. Şonuň üçin dili öwrenijiler munuň nädip bolup geçýänligine, sözleriň nädip üýtgeýänligine we düşünjeleriň nädip giňelýänligine düşünmeli” diýip, Grunina aýdýar. Emma ýakynda Moskwada çap edilen ”Türkmen diliniň GDA döwletleri üçin okuw kitaby” atly bu kitap ilkinji nobatda ýokary bilimli dil owrenijilere niýetlenilen. Moskwada türkmen dilinden sapak berýän mugallymlar şu günki gün türkmen dilini öwretmek üçin amatly okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýänligini we döwrüň talaplaryna laýyk özgerýän diliň aýratynlyklary hasaba alnyp işlenen okuw materiallarynyň we hatda sözlükleriň düzülmegine zerurlygyň duýulýanlygyny belleýärler.

Köneler, MerdanR tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir