-Eger Sarahs Eýran bilen bulaşyk ýagdaýda bolsa, derrew olar apynyň(zäherli uly ýylan) agzyndan aýrylmalyda Mara barmaly. Saryk garyndaşlaram razy bolarlar. Bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaýsalar-da, çarwa uruşlaryny edersiňiz-taýak,gamçy ulanarsyňyz.Enşalla soňy düzeler,garyndaş aradyr,birek-biregi tanarlar.Biz häzir gökleň-ýomut garyndaşlaryň üstüne Japarguly hanyň baştutanlygynda eýranly leşgerler gelýär diýen habara görä,gysagly kömege ugramakçy... Emma saryk garyndaşlaryň akylly sypaýylary kändir.Olar Eýran şasynyň öz dikmesi Baýramaly hanyň üsti bilen saryklaryň gadymy mekenyndan- Pendi,Şeýhi-Jüneýdi (häzirki Guşgy) sähralaryndan zor bilen gysylyp Mara getirilendigini bilýändirler.Gelenimizden soňra bararys,hemmesi oňyn çözüler- diýip, Nurberdi han ol wekilleri ýola saldy. Şondan soňra sarahsly tekeler kem-kemden süýşüp, bir aýdan gijä galman, Mara barýarlar.Garrygaladaky söweşlerden ýeňişli gaýdan Nurberdi han öz wekilleri bilen Mara- Sary hanyňka, soňra Gowşut hanyňka baryp,kakabaşlaryň çaknyşyklaryny ýatyryp, Marynyň külli türkmene ortak ýurtdygyny,Hywa hanynyň raýatyndandyklarynynam inadi Gowşut hana degişlidigini,ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip, özara parahatçylygy gazanýarlar. Soňra saryk garyndaşlaryň birnäçesi Ýolötene, birnäçesi bolsa Pendä, Şeýhi-Jüneýde (Guşga) gidýärler. Birnäçesi bolsa Maryda galýar. Saryk ýaşulylarynyň maslahatyny alman, halkyna-da sala salman, Sary han zoňtarlyk edip, Eýran şasy Nasreddine arz edip, bolan ýagdaýlary aýdýar..... Öňem yrsarap, nirden urup-ýarjagyny bilmän ýören Nasretdin Garrygalada ýeňilip gaýdan goşunnyň ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taýýarlanyp başlaýar. Eýran şasynyň agyr ýaraglandyrlan goşunlary Hemze Mürzäniň serkerdeliginde 1861-nji ýylda Murgap derýasynyň ileri ýakasynda Nyýazmät (Porsy) galada düşip, Gowşut han bilen söweş etjekdigini habar berýärler. Öňden habarly Gowşut han söweşe ykjam taýýarlanypdy. Ertesi türkmen ýigitleri gün dogmanka, eserdenlik bilen Eýran goşunyna tarap ugrap, Murgap derýasynyň ilersine geçip, uzyn ýaka düzülip, nyzam-tertip bilen taýýar bolup durýarlar. Gowşut han eýranlylara birnäçe gezek töwellaçy iberse-de, olar urşa başlajakdyklaryny habar berýärler. Eýran goşuny tarapyndan bir serdar gygyryp: -----Orta batyr-pälwanlaryňyzdan çykaryň! Ilki bilen, goý, pälwanlar güýç synanşsynlar!-diýýär Eýran tarapyndan bir pälwan gara atyny münip, orta çykyp durýarda” Mübarys- bura gel, başyňy kesip aparar men” diýip gygyrýar Gowşut han:-Hany ýigitler, şol pälwanyň garşysyna kim çykjak?-diýýär. -Biz çykarys!-diýip, Gurbanmeňliniň ogly Çebşek batyr dor atyny sürip öňe çykýar.Gowşut han onyň atynyň çekisini çekýär, atyny –ýaragyny synlap:-Bar, işiňi hak oňarsyn –diýip pata berip ugratýar. Atyny ýüzin saldyryp baryşyna Çebşek batyr .......

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir