Es-Selamu Aleykum ve Berekatullahu... Salam talyplar.com ma6galasy, at-avrayly ve hormatly shahyrmyz bolan Magtymguly Pyragy'nyn Allah(c.c) Kelam'y Kuran'i Kerim ve sahih hadyslardan yazlan "Gelse Gerekdir" goshgusyny size yetiryan, belki okansynyz yone yene bir gezek goz ge4irip ahyryedi du6unmegniz u/n sizin bln payla6yan... hormot blen... Gelse Gerekdir Gardaşlar, gün-günden beter bolupdyr, Ýyl-ýyldan bidgatlar gelse gerekdir, Hamru ichenu, zyna kylan jahanda, Belli meşhur bolup dursa gerekdir. · Bidgat – adamlar tarapyndan dine taze girizilen zatlar. Yagny dinin aslynyn yitmegi. · Hamr – spirtli içgiler. Arak, konýak, wino w.ş .m. Musulman gardaşlar dönmäň bu ýoldan, Geçer siz syratdan inçedir gyldan, Dejjal geler diyirler birnäçe ýyldan, Äleme bir gowga salsa gerekdir. · Syrat – musulmanlar üçin adamyň bu dünýä yagdayýna görä o dünýäde jennete barmak üçin geçilýän bir köpri. Bu dine musulmanlar üçin. Musulman bolmayanlar o kopräde baranok. · Dejjal – ahyrzamanyn öňisyrasynda geljek bir alamat. Gözi birdir, gara geýmiş kalbyna, Garyp ýanar haramynyň oduna, Sham sherihu, Rumy, Mekke-Medina, Musulman gaçyp dolsa gerekdir. · Bu setirde Dejjal gelende musulmanlaryn nirelere gachyp gitjegi nygtalyar. Bir gozli we gara geyinen Dejjaldyr. Isa, Mati gelse adyldyr, datdyr, Ýajuj-mäjuj gelse zulmy hayhatdyr, Gulagy yer südrär bir ýowuz zatdyr, Kab dagyn deşip gelse gerekdir. · Isa we Matinin gelmegem ahyrzaman alamatlaryndan. Yagny olar gelenson dunyade adyllylyk hokum surer. · Ýajuj-Mäjuj bul hem gulagy uzun bolanson yerde süyrenyan bir yowuz zat. Bu- da ahyrzaman alamaty. Galam titrär yetimlerin zaryndan, Joşgun geçer aşyklaryň serinden, Gök öwürlip, daglar sarsar yerinden, Ysrafyl suruny çalsa gerekdir. · Yerimlerin haklary iylip ahyrzamanyň yakynlaşandygyny aňladyar. Derýalar gurar, suwlar çekiler, Aý-gün tutular hem ýyldyzlar döküler, Beýik daglar erär, ýer- gök ýykylar, Ýalnyz Möwlam Ozi galsa gerekdir. · Hemme zat yykylar, yumurlar, oler. Dine Allahyn Ozi galar. Bu zatlar Kuranda we hadysda kop yerinde bellenip gechilyar. Ajal gelse bende hany-manydan , El üzer il-günden şirin janyndan, Allahyn emrinden Hak permanyndan, Ezraýyl oz janyn alsa gerekdir. · Hatda jan alyan perishde bolan Ezrayyl perishde- de oler Allahyn emri bilen. Sebabi ony yaradan hem Allahdyr. Hakdan gaýry janly- jandar galynmaz, Ysrafyl jan tabşyr suram çalynmaz, Kyrk gün ýagmyr ýagar ýer-gök bilinmez, Ýaňadan gögerip galsa gerekdir. · Allah hemme zady öldürenson yene-de hemmeleri direlder. Bir byragy hülle bilen bezärler, Altyn-kümüş, gyzyl-ýaşyl düzerler, Dört perishde dirilibän gezirler, Muhammed gabryna gelse gerekdir. · Dort sany meshhur perishde bar. Hemme zat bezelip, Muhammed s.a. w. gabryna bararlar . Sena çykar perişdänin perinden, Lebbeý diýip turup geler ýerinden, Gabyr ýarylar gum döküler serinden, „Waý Ymmatym“ diýip galsa gerekdir. · Muhammed s.a .w. nadip tazeden direljedigini suratlandyrylyar. Bu zatlaryn hemmesi hadysdan alynan. Köňül gayga düşer magşar gamyndan, Hany ymmatym diýip sorar Eminden, Başyny sezdä goýar galmaz zeminden, Gal diýip Hakdan ylham bolsa gerekdir. · Muhammed s.a .w. Hudaydan hany menin ummatym diyip sorayar. · Hakdan – Hudaydan. Emin – Huday. Ysrafyl suruny alar goluna, Gözün diker Kadyr Hakyň ýoluna, Shygyr seda çeker sagy-soluna, Jümle jandar jana gelse gerekdir. · Ysrafyl suruny chalanson butin yashap gechen adamlar tazeden direler. Asgyrşyp- asgyrşyp görden çykarlar, Turarlar asmana gözün dikerler, Buýurganşyp degri- daşyna bakarlar, Kyrk gün haýran bolup dursa gerekdir. Görerler gurt-guşlar gaçmaz ýanyndan, Derýalar gyzdyryp geçmiş şanyndan, Her kimse öz söwdüginiň yanyndan, Bile hemden bolup gopsa gerekdir. Zybany bar melekler gürzüni tutmyş, Terezi gurulmuş gün nury gitmiş , At beren byrag müner don yhsan etmiş, Dony hülle bolup gelse gerekdir. Beýik diwar gurular bir iş düzüler, Gün ýüzi çöwrüler älem gyzylar, Beýniň çugur-çugur gaýnap syzylar, Beren nanyň saýa bolsa gerekdir. · Shol gunde beren haýyr- yhsanlaryn, sadakalaryn shol gyzgynlykdan saýa bolar Fyrgun, Haman, Sheddat niçe kapyrlar „Ölüpdik “ diyip hayran bolup durarlar, „Bizi kim direltdi“ diýip sorarlar, Mumin gullar jogap berse gerekdir. · Fyrgun – ozune Huday diyen Faraon we kapyr bolan. · Mumin – musulmanlar. Allahyn yekeligine ynanyp yagshy ish edenler. Shatlyklary gaýgy bilen dep bolar, Ot çakylar, gowgalar köp bolar, Ahyrynda yüz ýigrimi sap bolar, On iki guruh edip sürse gerekdir. Bir guruhy hyllar bolup gezerler, Bir guruhy maýmyn bolup azarlar, Bir guruhy kör -ker bolup gezerler, Etmişi alnyna gelse gerekdir. Kimsänin teninde ot-ýalyn oýnar, Kimsäniň agzynda gan-iriň gaýnar, Amalsyz mollalar dillerini çeýnär, Ony Rebbim şeýle kylsa gerekdir. · Her kim oz eden ishine gora jezalanjak. Haky bilip hak ishleri etmedik mollalar hem jeza çhekjek. Kimse ot tapmana jöwrener öter, Kimisi mes bolup ýykylar ýatar , Kimsänin aýagy alnynda biter, Başy bilen ýüwrüp gelse gerekdir. On gat gyzgyn düşek düşer ornuna, Nowha gerip başy düşer burnuna, Dili süýner düşer ýeter garnyna, Amalyna çolaşyp galsa gerekdir. Mumin perman bolar kapyr içhigser, Ner mury bilekli yylanlar towsar Halaýyk aglaşar permanyna ýekser, Muhammed tuguny gursa gerekdir. Gorky duşer pygamberler janyna, Ogul gelmez atasynyň ýanyna, Muhammed başlaýyp mizan düýbüne, Ýaşyl alam gurup dursa gerekdir. Gujaklar oglum diýip Adam pygamber, Ybrahym halyl diyir Eý ýa Biribar, Musa Isa aýdar ýaradan Jebbar, Her kim özüni diläp alsa gerekdir. Niçe pygamber dogasy makbul, Ne sagyny tanyr ne soluny gul, Başlaşyp aglar Muhammed Resul, Waý Ymmatym diýip dursa gerekdir. Halaýyklar sylmaz gözden ýaşyny, Tanyşar soraşmaz kowum gardaşyny, Meýdanda gurulan mizan başyny, Ysrafyl tutuban dursa gerekdir. Kapyry bezärler ataş donuna, Sürerler elterler dowzah ýanyna, Pylanly gaty dek bolup şanyna, Bugra boýun möýler soksa gerekdir. Haraý diyir ýetişmez kimse haraýy, Eşek dek aňňyryp doldur saraýy, Iýmişi zäherdir, içgisi awy, Ebedi zyndanda galsa gerekdir. Indi geldik mumin gullar nädermiş? Haýsy işe haýsy ýola gidermiş, Muhammed hatyryna ýalkaw edermiş, Bilmeýenler muny bilse gerekdir. Mumin gullar geçip giderler ýol dek, Kimi ýyldyrym dek, kimisi ýel dek, Kimisi ýüwrük at, kimisi sil dek, Kimi uçar guş dek geçse gerekdir. Üç müň ýyllyk ýoldur müňi çykyşdan, Bir müňi henwardyr müňi iýmişden, Garadyr gijeden ýiti gylyçdan, Kim gije-gündüzde geçse gerekdir. Kim on günde geçher, kimi bir aýda, Kimi gulan deý kýşgyr saraýda, Kimi bir ýylda geçher kimi kyrk aýda, Soňy bäş müň ýylda ötse gerekdir. Munça müň ýyl galdyr ýyglap geçensoň, Syrat köprüsinden aňry geçensoň, Köwser sakysyndan şerap içensoň, Ýigit goja bir ýaşa gelse gerekdir. Ýigitler ýaşyn täç goýar başynda, Ýusup jemalynda Isa ýaşynda, Dawudyň ornunda otuz bäşinde, Her kim öz söwdügin alsa gerekdir. Ýetmiş hülle geýip tagta oňarlar, Beriljek ulagyna byrag münerler, Iýerler- içerler seýran kylarlar, Ölmez-ýitmez jawudan galsa gerekdir. Ýetmiş hüýr gyz düşek düşär astyna, Ýetmiş hüýr gol gowşur durar kastyna, Tuga aýaç saýa kylar üstüne, Hakyn jemalyny görse gerekdir. Dünýe bu dünýe diýir ýatan serhoşlar, Ynanmaýan kapyr bolar gardaşlar, Magtymguly aýdar geler bu işler, Kyýamat gün gullar görse gerekdir.

Köneler, Jeihun07 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir