Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly Nurgözelden bolan ogludyr. Ol juda ýaşka wepat bolupdyr we onuň terjimehaly, bitiren işleri barada saklanyp galan ullakan ýazuw ýadygärlik ýok. 1879-njy ýylda Nurberdi han Marydaky hanlyga maslahata gidende, wagtlaýynça Berdimyrat hany ýerine Ahala han saýlanypdyr. Ýöne entek ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki adam__Orazmämet han bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir. Berdimyrat hanyň hanlyk eden döwüri rus goşunlarynyň generallary Lazarewiň hem Lamakiniň baştutanlygyndaky ilkinji aha-teke ekspedisýasyna gabat gelýär.Ekspedisýany taýýarlan hem oňa baştutanlyk eden general Lazarew bolupdyr. Emma ol 1879-njy ýylyň 14-nji awgustynda, Gökdepe galasyna hüjim edilmezinden bary ýogy ýarym aý ozal aradan çykypdyr. Onuň deregine çini boýunça general Lamakin wagtlaýyn komanduýuşşiý bellenipdir. Ekspedisýa hem Lamakiniň ekspedisýasy diýen at galypdyr. Ruslaryň gelýändigini eşdip, tekeler Aşgabatda maslahat geçirýärler. Şol maslahatda hem general Lazarewiň Dykma serdaryň adyna iberen haty okalýar. Tekeler “ruslary Ahala goýbermeli däl, uruşmaly däl” diýen karara gelýärler. Gökdepe galasyny gurmaly, ilaty şol ýere ýygnamaly edýärler.Galanyň gurlyşygyna hemme kişi meýletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölinip berilýär. Şonuň bilen bir wagtda ruslary Ahala goýbermezlik üçin söweş oprasýalaryny hem geçirmek bellenilýär. Berdimyrat han Orazmämet handyr Gurbanmyrat işany ýanyna alyp, dört müň atly, iki müň hem pyýada goşun bilen Bendesen geçelgesine tarap ugraýar. Soňra bolsa pyýada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat han bilen Dykma serdar rus goşunlarynyň öňinden çykmak üçin Hojagala gidýär. Olar orta ýolda rus kazaklaryna gabat gelýärler. Olara tarap ot açýarlar. Emma aralyk ok ýeterden daş bolansoň, olara hiç hili zeper ýetirip bilmeýärler. Ruslar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip dokuzsyny hem ýaralaýarlar. Berdimyrat han bilen Dykma serdar yzyna__Bendesene dolanýar. Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyýada goşuny hem alyp, şol gijäniň özinde Börmä yza çekilýärler. Börmede maslahat bolýar. Ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnamaly edýärler. Ilatyň ol ýere göçmegine wagt berer ýaly, tekeleriň goşuny iki günläp şol ýerde saklanýar. Mundanam başga şol maslahatda ilatyň galla ýygnamagyna wagt utmak maksady bilen Dykma serdary hem Gyzylarbadyň hany Sopy hany boýun egip barýan adam hökmünde ruslaryň arasyna ibermeli edýärler. Söweşde ýolbaşçylyk etmäge Berdimyrat hana doly hukuk berilýär. Ol 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda Lamakiniň goşunlarynyň hüjüme geçmeziniň öňisyrasynda ýigitleriň arasyna aýlanyp, olary söweşe ruhlandyrýar. Şol günki söweşde Berdimyrat hanyň öýüniň üstine ruslaryň topy düşýär. Onuň aýaly çagalary heläk bolýar.Top okynyň bölegi Berdimyrat hanyň kakasynyň dogany Gurbanyň hem kellesini alýar. Berdimyrat hanyň özi hem şol günki söweşde agyr ýaralanýar we üç günden soň şol ýaradan wepat bolýar. Ony Gökdepe galasynyň içindäki Diňlidepäniň ileri ýapasynda jaýlaýarlar. Onuň mazary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Ruslaryň galanyň üstine çozanyny eşdip, Nurberdi han hem Marydan gelýär. Nurberdi han ogly Berdimyrat hanyň ölümini mertlik bilen boýun alypdyr. Ol şeýle diýenmiş: -----Men oglumyň ölenine şükir edýän. Sebäbi iliň başyna şunyň ýaly agyr gün düşip, ýurt üçin gan dökülende, meniň maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym. Berdimyrat han ýaşlygynda wepat bolan hem bolsa, ol Gökdepe urşunyň taryhynda öçmez yz galdyrypdyr. Onuň il arasyndakyat-abraýy uly bo Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992 lypdyr. Ony parasaylylygy, batyrlygy üçin sylapdyrlar.

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir