Belent mertebeli kakasy Baýram han ýaly hanlaryň-hany diýen hormatly ada eýe bolan Abdyrahym Rahymy meşhur şahyr, alym, serkerde diplomat hökminde hem tanalypdyr. Ol Beýik Mogollaryň üçinji hökimdary Ekber şanyň ýakyn egindeşidir. Abdyrahym han 964-nji hijri(1556-njy milady) ýylynyň sapar aýynyň onunda çarşenbe güni Hindistanda eneden doglupdyr. Bäş ýaşynda atadan galypdyr.1561-nji ýylda Baýram han öldürlen soň, Ekber onuň dul galan aýaly Selime Soltan begime öýlenýär hem-de ýaşajyk Abdyrahyma hossarlyk etýär. Abdyrahymyň ejesi Selime Soltan begimiň özi hem Mahfy edebi lakamy bilen şygyrlar ýazypdyr. Ýaş oglany birnäçe ýylyň dowamynda Baýram hanyň dostlary-türkmenler, hindiler terbiýläpdirler. Ekberiň görkezmesi boýunça tiz wagtdan Abdyrahymy Ahmedabatdan Agra geçirýärler.Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym Mogollar köşgüne düşýär, şol ýerde ymykly bilim alýar. Abdyrahymy terbiýlemek işi bilen diňe bir musulman alymlary däl, eýsem onuň aňyna bütin Hindistana söýgi duýgusyny ornaşdyran hindi panditleri (alymlar) hem meşgullanypdyrlar. Abdyrahym arap, pars, hindi, urdu, türkmen dillerini oňat öwrenipdir. Bu dillerde ajaýyp şygyrlar döredipdir. Esasanam ol hindi dillerindäki edebiýatda genial şahyr diýen şöhrata eýe bolypdyr.Abdyrahym Hindistanyň görnükli şahyrlary Tulsy Dasyň we Sudasyň döwürdeşi bolypdyr. Ony bu şahyrlar bilen mizemez dostluk baglanşdyrypdyr.Abdyrahym örän tanymal, meşhur we baý adam bolany üçin ol şahyrlara her bir jähitden kömek edipdir. Hindi edebiýatynda Abdyrahymyň şöhraty ägirt uly bolypdyr. Hindi alymlarynyň köp sanly işleri onuň hindi dilindäki poezýasyna bagyşlanypdyr. Abdyrahymyň hindi dilindäki “Madanaştak” (“Biçak joşgunly duýgular hakyndaky şygyrlar”), “ Pars pançahyýan” (“Krişanyň horunyň bäş aýdymy”) ýaly çeper eserleri şu güne çenli Hindistanda uly şöhrata eýe bolyp gelýär. Onuň pars, türkmen dillerindäki eserleri öz ýaşan döwürinde hem, ondan soň hem neşir edilmändir, öwrenilmändir, toplanylmandyr.Abdyrahymyň pars, türkmen dillerindäki şygyrlary onuň hindi dilindäki poetik mirasynyň ujypsyz bölegi bolyp durýar. Abdyrahym öz döwüriniň meşhur adamlarynyň köpüsi bilen türki dilde hatlar ýazyşypdyr. Onuň döwürdeş adamlaryna iberen şol hatlarynyň nusgalary hindi hronikasynda, esasanam şahyryň ömür ýazgysyny ýöreden Abdylbaky Nahowandarynyň hronikasynda saklanyp galypdyr.Iberilen şol hatlar türki dilde şygyr ýazan dürli awtorlara degişli şahyrana bentlerden doly bolypdyr.Ol Zahyretdin Muhammet Babyryň pars dilindäki “Babyrnama” atly meşhur işini terjime edipdir. Abdyrahym 1622-nji (milady) ýylda aradan çykýar Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir