Bir gyz söýdüm ýagşy niýetde, orun berdim oturtdum tagtynda köňül köşgümüň göwnüne degmedim ajy söz bilen, hazyna deňedim ýeke ýylgyrşyn. olam ýylgyrýady melekler deýin, öýkeläp kämahal çagajyk ýaly, birdenem gülýädi ýaz ýagşy deýin, şeýdiwem ýyllaram geçäýen ýaly. Ahyry niýetimi aýdaýyn diýip, bardym duşuşuga büdräp,tolgunup çep elime çemen,sag elime ýüzügim alyp, durdum iki sagat ýagyşa ezilip. iň soňunda geldi haýaljak ýöräp, söze ol başlady gözlemme garap: ilki howa gowy diýdi, soňra meň gowulugymy aýtdy maňa, ahyrynda aýtjak sözüni diýdi, göýä aramyzdan şemal öwüsdi, göýä men günäkär boldumda galdym, iki gülüň arasyndan böwüsüp çykan, men ekenim demir tiken. ýýýGaraz menden öňem bar eken biri, biri diýsek ýalňyş bolar, diýeliň bar eken söýgüli ýary, bir döwür öýkeli gezen ekenler, indi bolsa düýnjük ýaraşypdyrlar. Menem şeýdip galywerdim ortada, ondan soňam basyp ýarama duzy, gözledim özüme ýar boljak gyzy tapmadym,dogrusy tapdymam, wahhh,arman soňy bolmady. Biri boýuň gysga diýdi, biri diýdi okuwuň ýok biri diýdi ynanamok, ýene biri düşünenok garaz gyzlar her zat diýdi gelnen netije:"mende ýürek ýok!" Bolmazamda,her biriňiz ogurlasa bir bölek, galmazda, mendaki ýürekden derek, şeýdiwem galmady gyzlara ynam, şeýdiwem galmady mendaki ynsap, menem ýürek ogurladym gözlerine garap ýüreksiz gyzlaryň elinden garbap. LUKMAN MASLAHATY: "Söýmeli gyzlary öňünçä tanap, ýigit saýlamaly ymykly barlap!"

Köneler, student3 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir