bagt kopetdagynyň aňyrsyndamyka?! :d biziň köpimiz bagty uzak ýerlerden gözleýäris. ýöne biz hakyky bagty nämedigni bilmeýäris. çünki biz “bagt” sözi lenç bolan derejede aňymyzda köp aýlap, biperwaý bolupdyrsmy, nämemi, ony köplenç duşumyzdan geçiräýýän bolmagymyz hem bagty uzak ýerlerden, gymmat bahaly zatlardan gözlegimizdir... biz bagty naýbaşy awtomobillerden, owadan jaýlardan we gymmat düşen üstünliklerden gözlemän, belkide-de, iň bir kiçijik zatlardan gözlemelidirs. bagt biziň gazanan ýada ýitiren zatlarymyzda däl-de, öz içimizdedir.   mysal üçin, bagt mähir bilen bize berlen salamdyr. bagt bäbegimiziň ysy ýa-da çagalarymyzyň gülkisidir. bagt ýylgyryp öýe giren maşgalaňy : “hoş geldiň, söýgülim!” diýip, mähir bilen garşylamakdyr. bagt bu durmuşa ruhubelentlik bilen garamakdyr. bagt, alanan her demiň “yhlasly peşgeşlidigine” düşünmekdir. bagt eliňdäkini başgalar bilen paýlaşmakdyr. bagt hiç bir bähbitsiz we hasapsyz söýmekdir. bagt hudaýa şükür etmekdir. bagt bütin pasyllaryň bize hödürleýän gözelliklerine düşünip we duýup ýaşamakdyr. bagt diňe maýýyp birine sataşamyzda däl-de, eýsem, özümizdäki artykmaçlygy hemişe duýmakdyr. şu aýdylanlary ýene-de uzaltsaň bolar. ýöne iň soňunda şeýle bir pikire gelýärsiň: bagt biziň üçin ýat, nätanyş bir duýgy däldir. belki-de, biziň ony ýakyndan  tanaýanlygymyz üçin sowuk-sala we parhsyz garaýan bir duýgymyzdyr. biz ilki özümize bagly bolan başaryp biljek zatlarymyzy ýüze çykaralyň, soňra bolsa maksada ýetmek üçin göreşeliň. biz “başa barmaýan zatlar” üçin urnyp, özümize agram salmalyň. eger biz beýle etsek, onda ol bizi bagtsyz eder. sebäbi biziň betbagtçylyklarymyzyň köpüsi, öz gözbaşyny höwes-isleglerimizden häsiýetlerimizden alyp gaýdýar. durmuşda gödeksi ýaşamagyň ýerine senetkär biri ýaly bolup ýaşamak hem çözgütsiz hasaplan köp meselelerimizi çözüp biler. durmuşyň bir senetdigini ýatdan çykarmalyň. süýji ukyda ýatan mahallarymyz dünýäde müňlerçe kişiniň ejir çekýän bolmagynyň hem mümkindigini ýatdan çykarmalyň! şeýle bir gijäni geçirip, ertir bilen sag-aman örendigimiz üçin, şükür edeliň! ejir çekýänlerden biri däldigimiz üçin, şükür edeliň! ilkinji nobatda bolsa, ynsan edilip ýaradylandygymyza we ýaşaýandygymyza şükür edeliň!  

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir