– Şol ýeke jümläni, diýmedik bolsam bolmaýarmy! Berdi galan ömrüni puşmanda geçirmeli boljak. Tyg ýarasyndanam bitmesi kyn söz ýarasyny ol öz ýüregine salypdy. Ýogsa, söz bolsun, jümle bolsun, gör näçesini diýip-aýdyp ýörendiris. Bir söz bilen biriniň göwnüne degsegem, başga bir söz bilen ötünç soraýas, razylaşýas. Berdide razylaşara-da ýagdaý bolmady. Dört gyzynyň enesi Bossan, bäşinji gyzynam bu dünýäň gujagyna berdi-de, özi o dünýäň gujagyna doldy gidiberdi. Hiç kimem onuň bilen razylaşyp ýetişmedi. Berdiden eşiden soňky sözlerini alyp gitdi ýany bilen. «Edil şeýtan dilime salgy beren ýaly boldy-da» diýerdi, Berdi içinden. Hasam gyzlaryny görende. Körpe gyzynyň ýüzüne-de göni bakyp bilmezdi. Edil şony diýäýmelimi? Berdi muňa indi düşünýär. O wagtlar ogully bolasy gelýärdi. Soňky iki gyzynyň biriniň adyna Ogulnur, beýlekisine Ogulbäbek dakypdy. Dünýä inmesi şeýle kyn bolup, Bossanyň ýaş üstünde ýogalmagyna sebäp bolan gyzyna at dakmaly bolanda welin, näme diýjegini bilmän durberdi. Bäbegiň günäsi näme? Ýagty jahana gelen gününden ýetim galan bäbek, azap getiren bäbek. Berdi azabyna-da çydar, onam beýleki gyz doganlarynam ýetimsiretmän ulaldaram, ýöne şol sözi diýmedik bolsa bolmaýarmy! Garrylygyndan ýaňa, ýumruk ýalyja bolan ejesi göwünlik berip, şeýle diýerdi: «Kysmatydyr bendäň, jüýjelerini bize döküp gitdi. Ölüm hemmämiziň başymyzda bar zat. Alla jana, gezegimi başga birine berme diýdigimçe iliň soňuna galyp barýan. Nädeýin, bu gezegimem gelnim alyp gitdi. « Dillerini gowy tapýaň» diýe-diýe baryny maňa goýup gitdi». Berdiňem ejesine aýalynyň ýogalynyndan beter, şol jümläni aýdanyna gynanýany aýdasy gelýär, oňa-da dili aýlananok. Soňkyja bäbegiň adyna garryja enesi Jennet dakdy. Ejesiniň jaýy jennet bolsun diýdi. Berdem içinden «Menden eşiden soňky sözleri Bossanyň jennedinem dowzah etmese biridir» diýdi. Baryny ýeke-ýeke ýadyna saldy. Wah, Bossan şol sözleri gulagynyň ýele ýanyndan geçiren bolsady. Kabul etse-de, oýun ýaly kabul edenem bolsa boljak. Emma, üşerlip diňleýşi, iň soňky buýrugy alýan esger ýaly, durşy bilen gulaga öwrüleni, Berdiň gözüniň öňünde. Hernä iki gezek gaýtalatmandy. Şeýle ähmiýet berlip diňlenensoň, iki gezek gaýtalamaň hajatam bolmandy. Bir gezekde, müň gezek aýdylan ýaly boldy. Ýogam diýmedi, bolýaram diýmedi, bir hili aşak bakdy-da, bäbekhana girdi gitdi. Berdiň aýdanlaryny edip, äriniň tabşyrşy ýaly, gaýdyp yzyna gelmedi. Her gezeginde Berdi, Bossanyň bäbekhanadan gujagy bäbeklije çykyp gelşini, heziller edip synlardy. Hemem «Wah, gujagyňdakam ogul bäbek bolaýanda, sen agynjak goltugy Isaly bibi Merýem boljak-da» diýerdi. Muny Bossana bir gezek eşitdiripdem. Bossan pahyr şonda «Oglum bolsa, adyna Isa dakjak diýýäňmi? Alla jan bize ilki bir ogul berse, adyna Isa daksaňam, Musa daksaňam gelişjek-le. Gyz bäbegi ulaltmakdan menem ýadadym» diýipdi. «Ýadany çyny eken. Ýöne, men oňa şol sözi diýmeli däldim». Jennet gyzyny naharlap oturan, garry ejesiniň hereketlerini, bäbejigiňem ejesinden kem görmeýän ýaly, içi süýtli çüýşä ýapyşyşyny, uluja gyzlarynyňam dördüsi dört ýanyndan «men emdirjek-de, men emdirjek» diýşip, daşynda kebelek boluşlaryny synlap, Berdi rahatlanaýmaly ýaly. Çülpeje gyzlary janlaryna jaý tapman, «eje» diýip aglap dursalar näderdi? „Hüw” diýip, birden ör turýan gadym derwüşler ýaly, laňňa ýeriňden galyp üm-düzüne tutdurar giderdi. Gyzlary gözlerini tegeläp oňa bakarýardylar. Kakalaryny, tutuş dünýelerini köşeşdirmek üçin, ellerinden zat gelmänsoňam, ýene ýa bir-birlerine ýa oýunlaryna gümra bolýardylar. Bu gezegem, ähli zada ilki dermany suw, garry: «Suw iç balam, suw iç. Güljemal jan kakaňa suw äber» diýdi. Ýumuşa ýaran uluja gyzy derrew bir käse suw getirdi. Berdi bir käse suwy bir ýuwdum edip içdi-de, aşak oturdy. Başyny ýaýkady. Maňlaýyna dirän eli bilen bilelikde tutuş göwresi yraň atdy. Garry ejesi bäbegem ýadyndan çykaryp ogluna golaý süýşdi. Çagalygyndaky ýaly, arkasyndan sypady. Berdiň muňa agysy tutdy. Özüni saklap bilmedi. Agysynyň arasynda, zordan «Dilim gursun» diýdi. Ýogsa aýalynyň kyrkam sowlup gidipdi. Aglajak gözler aglamak kemini goýmandylar. Ýöne, Berdi şu wagtky ýaşy ýaly ýene otuz ýyly ýaşasa-da, agysy tutup, «Dilim gursun» diýmese ýagşy. Kim bilýär, o ýaşda eýýäm ogul agtyklam bolar, Allah berse…

Köneler, ALADIN tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir