bu beýniniň howply infeksiýasydyr, ol köplenç çagalarda bolýar. ol gyzamyk, hapgyrtma, täjihoraz ýa gulagagyry ýaly kesellerden soň bolýan gaýry üzülmeler hökmünde başlap bilýär. inçekeli bolan eneleriň çagalary ömürleriniň ilkinji aýlarynda meningit inçekeseline uçraýarlar. alamatlary: • bedeniň gyzgyny artýar. • güýçli kellagyrylar bolýar. • çaganyň boýny egilmeýär. çaga ýarawsyz görünýär we kellesini yza gaýşardyp ýatýar. • arkasy gataýar, kellesini aşak egip bolmaýar. • bir ýaşa çenli bolan çagalaryň bekemedik beýnijigi çişýär. • syrkaw gaýtarýar. • bäbeklerde we ýaş çagalarda irki meningiti saýgarmak kyn bolýar. çaga dyngysyz aglaýar (hatda emdirilen wagtynda hem) ýa-da ukuçyl bolýar. • käwagt tutgaýlar ýa-da geň hereketler bolýar. çaganyň ýagdaýy barha agyrlaşýar we diňe özünden gidende köşeýär. • meningit inçekeseli birnäçe günüň ýa hepdäniň dowamynda kem-kemden başlanýar. meningitiň başga görnüşleri birnäçe sagadyň ýa günüň dowamynda döräp bilýär. bejerilişi: tiz lukman kömegi gerek — her minut hasapda! mümkin bolan ýagdaýynda syrkawy derrew hassahana äkidiň. hassahana baryp ýetýänçäňiz: • her 4 sagatdan ampisilliniň 500 mg sanjym ediň . eger ol bolmasa, her 4 sagatdan kristallik penisilliniň 1000000 bir sanjymyny ediň. mümkin bolan ýagdaýynda oňa hloramfenikol beriň . • eger güýçli gyzdyrýan bolsa (40-dan ýokary), onuň gyzgynyny öl esgi we parasetamol ýa aspirin bilen aşak düşüriň . • eger çaganyň enesi inçekeselli bolsa, ýa çagada inçekesel meningiti bardyr öýtseňiz, çaganyň her 5 kile agramyna streptomisiniň 0.2 ml sanjyň-da, derrew lukmana ýüz tutuň. ampisillini we penisillini diňe meningitiň inçekesel sebäpli bolmadyk ýagdaýynda ulanyň. duýduryş: inçekeselli eneden doglan çagalara tizden-tiz bsž sanjymyny etmeli. bu olary meningitden gorar. ýaňy doglan çagalar üçin dozasy 0.05ml (adaty dozanyň 0.1 ml ýarysy).

Köneler, muzazzi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir