Bu gun yene önküler dey ay aydyn gije denizin kenarynda yalnyz özüm,şol jogapsyz söygünin pikirini edyarin,yürege erk edip bolyarmy name,oňa... dem almagy,şatlanmagy,gülmegi,gecirimli bolmagy,bagşlamagy,söymegi sen öwretdin ahyry!?Onson neneň ol seni yatlamasyn neneň ol jogapsyz galan sögüsini yatlamasyn???Heeeyy dünye 5 harply söygi.... göz boldumy,dil boldumy bilmedim yürek tayyny yitirdi,durky galdy erkini aldyrdy.Ya... bu durmuşun külpetimika... YOK...bar zada özüm günakar men seni dine töwerekdaşdan,aydan günden dal hatda öz-özümdenem gabandym.Yöne söymek gabanmak ayypmy,günami name?hic düşünemok.Wahhhh sen şol kicijik duralgada duşmadyk bolsan,belki şonda yüregim paralanmazdy,belkide jogapsyz söygü hem bolmazdy.Sen menden name ücin,kim ücin,name sebapden gitdin hic jogap tapamok.Men jogapsyz galan soraglarymdan son enceme gezek gahar edip seni yatdan cykarmak isledim yöne hic başaramok,senin gözlerin,gözel keşbin hic gözönümden gidenok,mylayym sesin bilen näz edip söyyan diyişin gulagymda şuwagtlaram yanlanyp dur... İnede menin derdimi paylaşyan yagyş başlady men yagyşda ezilmezlik ücin gyra cekildim yanyma yagyşdan ezilen bir carlak gelip gondy.Men onun köne tanyşy yaly ol menden gorkman yanyma gelip oturdy,yöne ol dine yagyşdan bukulyp dal başga birzatdan gacyp gelene menzeyardi,onun gözlerinde gamgynlyk bardy.Men ona seredip oturşyma donup galypdyryn ine birdenem yene bir carlak gelip gonduda önkü carlagyn yanyna baryp birzatlar düşündiryardi.yöne ilki gelen carlagyn dinlasi gelmeyan yalydy.Olar birsalymdan bir-birine düşünen yaly ysnyşypjyk oturdular.Şonda men dine özüm dal hatda durmuşda şujagaz guşlarynam arasynda düşünüşmezlik bolyanyna göz yetirdim,emma şol carlajyklaram bir-birinin günasini gecdi ahyryn..Men senin name ücin düşünmeyanine düşünemok!? İne yenede jogapsyz ..... men her gün pikir edip bu söygüme jogap tapamok.heeeyy jogapsyz söygi sen meni ne gunlere saldyn indem menden uzaklarda hoool daglaryn anyrsynda ya-da gijeleri şugla sacyan yyldyzlardanam aňyrdamysyň...?

Köneler, virtual tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir