aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe, millet içre restoranlarda-barlarda, ýok men mes bolamok, al-şerap içip, ýa minnet çekemok ynjyk ýarlardar. men gedaý hiç kime elim seremok, men hudaý hiç kime edemok höküm, ýöne men saz çalýan yzyny üzmän, men saz çalýan şu dünýede parahat. çal sazyňy tarlaryňy çipikläp, çal sazyňy baýladyp göz ýaşyňy göý üstüňden gülübersin süpükler üns berme çal sazyňy ýaşlygym. millet şerap süzýär, sen gözüň süzýäň, millet arabaly a sen pyýada, ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän sen çalýaň şu owazly dünýäde men dünýeden doýmadym, doýurdylar deýuslar, yşkyň täjin sypyrdylar başymdan, weýran boluş köne şowhunly ýurtlar, bir men galdym şol öňküje bolşumdan. barly wagtym meýlis gurdym barymdan ýoksul wagtym ýeketegä geçmedim bugardym men, garaguma gardylar, derýadym men, gurap galdym çeşmeden ýigrendiler aşa söýenim üçin meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar gowgaly dünýeden gitjekdim gaçyp a jennete goýberme sakçylar

Köneler, imperator tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir