köriçegäniň alamatlary: • esasy alamat — garyndaky agyry kem-kemden güýjeýär. • agyry köplenç göbegiň töwereginden başlanyp, çaltlyk bilen aşaky sag tarapa geçýär. • adamyň işdäsiniň kesilmegi, gaýtarmagy, içiniň gatamagy ýa gyzgynynyň artmagy mümkin. köriçegäni ýa-da peritoniti anyklamak syrkawdan üsgürmegini haýyş ediň. ol üsgürende, içinde ýiti agyry peýda bolýarmy? başga usul: haýallyk bilen çep gasygynyň ýokarragyndan agyry peýda bolýança, gatyrak basyň. soňra eliňizi çalt aýryň. eger eliňizi aýranyňyzda, ýiti guşaklaýyn agyry peýda bolýan bolsa, onda munuň köriçege ýa peritonit bolmagy ähtimal. eger çep gasygynyň ýokarragyndan ýiti agyry peýda bolmadyk bolsa, şol usulda sag gasygynyň ýokarragyndan hem basyp barlaň. eger syrkaw köriçege ýa peritonit bolandyr öýtseňiz: • derrew lukmana ýüz tutuň. mümkin bolan ýagdaýynda syrkawy operasiýa edip boljak ýere eltiň. • agzyna hiç zat bermäň we klizma etmäň. diňe syrkawda guraklanmanyň alamatlary peýda bolup başlan ýagdaýynda oňa suwy ýa regidrony (sah. 152) az-azdan owurtladyň. mundan başga zat bermäň. • syrkawyň arkasyna beýigräk zat söýäp ýatyryň (ýarym oturan, ýarym ýatan halda). bellik: peritonit bolanda adamyň garny agaç ýaly gaty bolýar. şular ýaly garna çalaja el degrilende hem ýiti agyry peýda bolýar. adamyň jany howp astyndadyr. ony derrew lukmançylyk merkezine eltiň we ýolda 93-nji sahypanyň ýokarsynda aýdylýan dermanlary beriň. boýnuň ýa oňurganyň döwülmegi eger adamyň boýny ýa oňurgasy döwlendir öýtseňiz, örän seresaply hereket ediň. onuň öňki halyny üýtgetmejek boluň. mümkin bolan ýagdaýynda ony gozgamazdan öň, saglygy goraýşyň işgärini çagyryň. eger siz syrkawy süýşürmeli bolsaňyz, onuň boýnuny ýa oňurgasyny gyşartman, egmän süýşüriň. syrkawy saglyk merkezine nädip akitmelidigi baradaky maglumata indiki sahypada seret. gapyrgalaryň döwülmegi bu örän agyryly bolýar, ýöne köplenç öz-özünden gowulaşyp, agyrysy aýrylýar. gowusy seýiklemäň we gursagy daňmaň. iň oňat derman — aspirin içiň we dynç alyň. öýkeniň sagdyn galmagy üçin her iki sagatdan 4-5 gezek yzly-yzlyna uludan dem alyň. muny günde tä dem alşyňyz doly kadalaşýança ediň. ilki-ilkiler bu hereket örän agyryly bolar. agyrynyň doly ýitip gitmegine birnäçe aýyň geçmegi gerek. döwlen gapyrga hemişe öýkeni deşmeýär. emma gapyrga deriden somalyp çykyp duran bolsa ýa syrkaw ganly üsgürip, dem almagy kynlaşan bolsa (ýöne agyry däl), antibiotik (ampisillin ýa penisillin) kabul edip, lukmana ýüz tutuň

Köneler, muzazzi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir