ol heniz 18 yaşynda-dy, onun bejergisi mümkin bolmayan bir kanseri bardy (kanser=kesel ady).ol hemişe gahar içindedi, we hiç yere çykmazdy hatda köçade. ejesi... bir- de özi bardy... başka hic kimi... bir gün bu yürege düşgünç günlerden içi gysyp köça çykdy. köçanin ugry bilen yörap barşyna disk satyan dükanyn önünden geçenem şoldy welin, biraz saklandy, we yzyna döndi. dükana girende onun ilkinji gözine ilen dükanyn satyjysydy, ol öz yaşlaryndaky, tasin, owadan yaş gyzdy, ony gören badyna özünde nahilidir bir duygy dörandigine özi hem düşünmedi... gyz gülümsirap ona: "size nahili kömek edip bilerin diydi..." emma oglan jogap bermedi, bir az wagtdan:"hawwa" diydi son yene: "hawwa, şu diski mana berermisiniz..."!? gyz onun görkezen diskini alyp içeri girdi az wagtdan diskin daşyny paketlap yzyna geldi.oglan paketi alyp, dükandan çykyp öyüne geldi, paketi açmadan öz şkafyna saldy. ertesi irden şol dükana yene bardy... gyza yene bir disk görkezdi ,paketletdi,aldy öyüne getirdi,atdy paketi şkafa, yene açmady. günler aylanyp alynan disklerin sany-sajagy galmady. Gyza yüregindakini hiç aydyp bilmeyardi. ejesi: "git gürleş oglum, munda name kynçylyk bar" diydi... ertesi ir bilen umydyny bire baglap dükana gitdi, yene bir disk seçdi,gyz gülümsirap diski aldy-da arkadaky otaga diski paketlemage girdi, gyz içerde bir kagyza "sizin bilen haysam bolsa bir gije duşuşup bilerismi" diyip yazdy we kagyzyn aşagyna-da telefon nomerini belgiledi, sonra ony paketin içine saldy-da ol otagdan çykyp, oglana paketi berdi. iki gün sonra telefon jany çaldy... telefony oglanyn ejesi aldy, jan edyan disk satyan dükandaky satygçy gyzdy... gyz yaydanjanrak oglany sorady... oglanyn ejesi aglayardy we : " bilenizokmy ?" diydi... " düyn oglum aradan çykdy... " oglan jaylanandan son birnaçe günden ejesi onun otagyna girdi, otagyn içine göz aylady we çykmakçy bolanda oglunyn şkafyny açdy. ejesi oglunyn eşiklerine seredip hiç göz yaşlaryny saklap bilenokdy... birden onun gözi sany-sajagy yok birnaçe paketlere düşdi,paketleri aldy-da oglunyn yatyan diwanynyn üstüne goydy we birnaçesini açdy, onun ahlisinin içinde bir disk, kabirinin içinde bolsa kiçijek kagyza bellik edilendi olarda: "Salam... men sizi gowy gördüm... , has yakyndan tanamak isleyarin... , Bir gün agşam ikiçak duşuşsak... sizin bilen haysam bolsa bir gije duşuşup bilerismi... , söygi bilen........! " diyen yazgylar bardy. biz öz söygimiz üçin elimizden geldigimizçe göreşmelidiris. dürli meseleler boyunça gyza söygimizi aytmaga çekinmeli daldiris... we wagtynyz barka, bu durmuş bizden bir zat üytgetmeden, şu wagt gidin aydyn... söyginizi...

Köneler, sivee tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir