Allahutagala hezreti Adam aleýhisselamy toprakdan ýaradyp, keşp-şekil berenden soň, oňa entek hiç bir duýgy we düşünje bermänkä, akyly ýaradypdyr, soňra imany, soňra bolsa utanç duýgusyny- haýany ýaradypdyr. Hak tagala Jebraýyla şeýle buýurýar: “Men ynsan atly bir barlyk ýaratdym. Oňa akyl, iman we utanç atly şu üç sypaty äkit. Soňra oňa diýgil, Jenab-y Hak bulardan birini saýlamagyňy emr edýär.” Jebraýyl aleýhisselam bu üç sypat bilen hezreti Adamyň ýanyna gelip, ondan bulardan birini saýlamagyny soraýar. Hezreti Adam aleýhisselam biraz pikirlenenden soň, akyly saýlaýar. Jebraýyl aleýhisselam hem Ylahy emre uýup, diňe akyly hezreti Adam aleýhisselama berýär. Imandyr utanjy alyp, yza dolanmakçy bolanda, iman oňa şeýle diýýär: “Eý Jebraýyl, sen akyly şu ýerde goýup gidýäň. Emma men akyldan aýrylyp bilmen. Biz biri-birinden aýrylmaz ekizlerdiris. Akyl nirede bolsa, men hem şol ýerdedirin. Şonuň üçin men şu ýerde galjak.” Jebraýyl aleýhisselam mundan soň, utanç-haýany alyp ýoluny dowam etmek isleýär. Emma utanjam oňa: “Men imansyz oňup bilmen. Iman nirede bolsa, men hem şol ýerde. Iman akylyň ýanynda galdy, menem imanyň ýanynda bolmaly. Üçümiz hem biri-birimizden aýrylmaz hemralardyrys.” Şeýlelikde, akyl, iman we utanç (haýa) üçüsi-de birlikde hezreti Adama berlip, ol ähli ýaradylanlardan üstün bolýar. Adam aleýhisselam pygamberleriň biridir. Biz ony ilkinji atamyz, ilkinji ýolgörkezijimiz diýip bilýäris. Adam aleýhisselam hakynda kitaplarda agzalýan bu tymsal bize akylly-başly bolmalydygy barada durmuş sapagyny berýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) hadyslarynyň birinde “Akyly bolmadygyň imany ýokdur” diýýär. Ýagny, akyl taýdan şikesi bolanlara dini jogapkärçilik ýüklenmeýär. Diýmek, musulman akylly-başly adam bolmalydyr. Akylynyň ýanynda imany, imanynyň ýanynda bolsa utanjy bolmalydyr. Musulman şu üç sypaty bilen musulmandyr. Musulman wakalaryň, hadysalaryň garşysynda akylyny ahmal etmeli däldir, akyly bilen bile dini emirleri, dini emirler bilen birlikde bolsa utanç-haýasyny-da ahmal etmeli däldir.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir