parawbibi türkmen halkynyñ mertligi gahrymançylygy hiç bir halkyñkydan peslär ÿaly däldir. başarjañlygy zähmet söÿerligi, myhmansöÿerligi, on barmagyndan dür dökülÿän gelin gyzlarynyñ gudratly gollary bilen dünÿä inderÿän ajaÿyp halylary, olaryñ mukaddes maşgala ojagyna, ÿanÿoldaşyna wepadarly-da bir başga. ene toprak üçin ar- namys üçin söweşip baş goÿan gerçek ogul- gyzlarynyñ gubryny görsek, edil keramatly öwlüÿälere sežde eden ÿaly ońa zyÿarata barmagy, özümizde aÿat-töwir hantama bolup, ene topragy düÿnäp ÿatanlaryñ hatyrasyna gurbumyzyñ çatdygyndan sadaka berip, olaryñ ruhunyñ rahat bolmagyny dileg etmegi özümize parz bilÿäris. bu däp türkmeniñ ata-baba añyrdan gelÿän beÿik däpleriniñ biridir. serdar şäherinden geçip, bereket etrabyna golaÿlabereñde, çep tarapynda köpetdag bilen küren dagynyñ birleşÿän ÿerinde, dagyñ belent gerşiniń üstünde gurulan kiçeñäk ÿadygärlik agaryp görünÿär. beÿle belentlikde, bişen kerpiçden ôrülip gurulan şol ÿadygärlige golaÿlaşdygyça: " bu ÿadygärlik türkmen haÿsy balasynyñ hatyrasyna bina edildikä?" diÿeniñi duÿman galÿarsyń...

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir