giç gelen söÿgi küÿselen çagyñda nirdediñ ahyr, düÿn- öññinem göwnüm saña maÿyldy. indi diñe dost tutmaklyk galypdyr, bu ÿollarda çydam bilen kaÿylny. munda soñ sen oÿanarsyñ öÿtmezdim, ÿüregiñde maña bolan ymtylyş. diÿmek, ykbal bahar bolup bakypdyr, diÿmek duÿgylañdan daşlaşypdyr gyş. keramatdyr söÿgi nazaryn salsa, isle,ol ir bolsun, isle-de ol giç.  nur bolup geleni nämä degmeÿär, bir ömür gelmänden, gelmäninden hiç. ÿöne bir haÿyşym hasrata çümüp, gözÿaş bilen geçenleri ÿatlama, seniñ munda çigit ÿalam günäñ ÿok, ÿok, günäñ ÿok, öz-özüñi aklama. wah,men seni juda-juda ir söÿüp hem seÿisläp bilmedim öz sabrymy. ol şoñ üçin giç gelendir kalbyma, giç gelendir bilsin diÿip gadyrymy. awtory: şatlyk hydaÿnazarow.

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir