kemine" garyplyk" günde müň gussam bar ýüz elem bilen, derdimiň baryndan beter garyplyk. soragy men boldum gaýggy-gam bilen, geler düşer hatar-hatar garyplyk. pany dünýä äynat bilen, harç bilen, ýüregim maddadyr, bagrym berç bilen, wadasyz şum ölüm bergi-borç bilen, ýylba-ýyldan gaýym tutar garyplyk. iýmesem, içmesem, mydarym ötmez bürenip ýatmaga kararym ýetmez günde müň kowlasam, baýlara gitmez goş basyp, duşumda ýatar garyplyk. tapypdyr her ýerden ýeke-ikini, çekipdir biline gaýyş çekini, alypdyr eline daşly sokyny, ýadaman, depämden urar garyplyk. ýylba-ýyldan meniň müflisim çykar garybyň ýüzüne kim gülüp bakar? ýaryşsam ýüwrükdir, göreşsem ýykar oýnasam, oýnumda utar garyplyk. bir sözüm bar, saňa aýdaýyn, durduly sakalym gyrawly, murtum burjuly on bäş kpük bile, otuz gürjüli, - gykuwlap yzymdan ýeter garyplyk. seýl etmedim sähralarda, çöllerde mestana gezmedim uly illerde bir bilbildim saýramadym güllerde ýar zeýnimi garar-gatar garyplyk. kemine diýr geler bir gün şum ölüm, kimsäge – toý baýram, kimsäge – zulum gyýylma, ynjama, sabr eýle, köňlüm gelipdir – bir zaman öter garyplyk. 

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir