Durmuş seniň özüňki, Berme kimsäň eline! Ömür seniň özüňki, Sowurma gyş ýeline! Hudaý saňa beripdir Aň hem üşük, göz-gulak; Gör hem eşit, hem oýlan, Bolma hiç kime dolak! Ýollar seniň özüňki, Kimsä öňüň bekletme; Gazanjagyň özüňki, Ýalan bilen ekletme! Suwlar seniň özüňki, Düşme kimsäň toruna; Özüň ot ýak hem çoýun, Ýanma otsuz goruna! Haýsy bir gara labik “Ak men” diýse ynanjak? Haýsy bir açgöz ogry “Päk men” diýse ynanjak? Şaýol diýlen petige Sürdürme taýak bilen; Kelle seniň özüňki, Depdirme aýak bilen!
Durmush seniñ özúñki!
- 
                Friendship
                14 years ago
                
- Gaty dürdäne setirler, garypjan! Ajaýyp! Minnetdar paýlashanyña!
- 
                NB
                14 years ago
                
- Essalamualeykum garypjan. sagbol goshgynga. Yogsada ozung duzdingmi?
- 
                NB
                14 years ago
                
- Essalamualeykum garypja. sagbol goshgunga . Yogsada ozung duzdungmi?
- 
                garypjan
                14 years ago
                
- Waleykumessalam!!! nb goshgyny men duzmedim.Sizem okarsyñyz diyip ýazdym. Okanyñyz ùcin minnetdar friendship, nb....
- 
                amanmyrat
                14 years ago
                
- kellanize depdirmanou
- 
                YaSwami
                14 years ago
                
- Gowja goşgy sagbol !
garypjan 14 years ago- kelle seniñ ozuñki.
Depdirme ayak bilen!