döwrümüzde türkmenistan bilen bilelikde dünyaniň beýleki ülkelerinde hem milýonlarça türkmen ýaşaýar.türkmenler owganystan, çin-hytaý, eýran, yrak, siriýede, rusýa federasiýasynyn stawropol sebitinde, azerbaýjan we türkiýede giňiş geografiýada ýaşaýar. tutýan meýdany 657.500 km2 bolan owganystanda bu güne çenli resmi bir ilat ýazuwý bolmady. owganystanýň 18.000.000-i geçýän ilatyn bardygyny belleýärler. bu ilatyň 6.000.000-dan köpüsi türk halkydyr, ýagny türkmenler, özbekler, gyrgýzlar we gazaklardan ybaratdyr. (türkmenleriň ilat sany 2.800.000-e ýakyndyr). türkmenlerih köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan demirgazyk owganystan etraby ekerançylyga we maldarçylyga oňaýlý bolup, ýerasty baýlyklary babatdan hem örän baýdyr. bu sebitde nebit, tebigý gaz, mis we altyn bolup, bular has köp derejededir. owganystanyň territoriýasynda xviii asyrdan bäri türkmenler ýaşaýarlar. bu topraklarda türkmenler tarapyndan akhunly, gaznaly, göktürk, seljukly we awşarlar ýaly döwletler guruldy. owganystana soňky gezek göçler amanullah han döwründe bolşewikler bilen türkmenleriň arasunda bolup geçen yzygiderli aýgytly söweşde, 1923-nji ýyllarda lebabyň tutly gyzylaýak obasyndan halypa gyzylaýak 200 müň adam bilen, nobat mirahyr, hajy işan şeýle hem daşoguzdan jüneýt han bilen müňlerçe türkmenler owganystana göçüpdiler. bu topraklara sygynan türkmenler 1940.njý ýyllara çenli bolşewikler bilen soweşmekligi dowam etdiripdiler. şol döwürde bolşewikleriň garabasany bolan türkmenlerin bu çozüşlaryna "basmaçyla" diýen at berlipdir. ruslar "basmaçylar" adyny talaňçy, garakçy manysynda ulanan wagty, türküstan halky üçin bu söz "akynjylar-goranyşçylar-meýletinler" diýen manyny berýädi we bu at halk tarapyndan gysga wagtda goldanyldy. bolşewiklere garşy gaýgyrmazdan bir garaşsyzlyk göreşini alyp baran türkmenler diňe uzyn ýyllap dowam eden aldym berdimli söweşden soňra bu boz söhralardan mahrum bolmaklyga mejbur boldular. alypa gyzylaýak, hajy işan, nobat mirahyr, jüneýt han, eziz han ýaly türkmen baştutanlary ýurdunyň we halkynyň özbaşdaklygy üçin uçsuz gyraksyz garagum gölünde at çapdyrypdyrlar, mengewikdir bolşewikleriň garabasan düýşüne öwrülipdiler. owganystan demokratik gurluşyna geçileninden soňra 1964.nji ýyllarda türkmenler mejlisde wekilçilik etmäge başladylar. türkmenleriň arasynda 12-nji we 13-nji çagyryg döwrüniň wekillerinin garkyndan muhammet ahmet, muhammet emin, şordepeden karadöwlet we karaabdyllah, anthoýdan muhammet ömer, şybyrgandan abdulkerim mahdum, kalaýzaldan nöwlewi hajymyrat saýlandylar. 1978-nji ýyllarda sowet soýuzynyň goldawy bilen dawut haný ýykyp, onuň ýerine nurmuhammet teraki gelipdi. bu wakadan soňra täzeden sowet - rus goşuny bilen söweşmäge mejbur bolan türkmenler jowizjanyň sençeýrek etrabyndan möwlewi şahabetdiniň ak patasy bilen aýmakly baştutan bolan seýfetdin han söweşi başladýar. bu göreşe 1980-nji ýyllarda aşyr pä1wanyň baştutanlygyndaky beýleki türkmenler hem goşulýar. bu ýerde halkyň özbaşdaklygy üçin göreş alyp baran hajy jepbar saltyk, hajý mennan mahdum, ojar pälwan, abdysemet mahsym, möwlan baştutan, ýagyr işan, abdytagan, geldi pälwan, ýusup pä1wan ýaly baştutanlary ýörite belläp geçmek gerek.

Köneler, ependi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir