Saman shlýapaly garry bikäniň, Yzyndan selkildäp güjügi barýar. Ol güjük däl, bir biçäre ýekäniň, Döşünden itilen geljegi barýar. Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk, Baraňsoň öňüňe nan bir oklansa. Gidibem bilenok ýüzüňi sowup, Ýol itiniň köplüginden gorkansoň. Ýyldyz sanap Aýa üýrýän ol itler, Tüýdüm-tüýdüm etjek baraýsa bärden. Bikesini taşlap ol asla gitmez, - Ejiz gelýär zynjyrjygyn üzerden. Emma boýnundaky zynjyrjyga däl, Ýekelige baglangydy ol mydam... Dostum, töwerekde şeýle bir it kän, Hemem ýalňyz galan birgiden adam... Ylýas Amangeldi

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir