Ejemjan. Aýlansam diň jahany. Tapmaryn seň ýyly mähriňi. Küýsesem geler gursagyň ýylysy. Mähribanym ejemjan. Bolmaz özge eller. Bolmaz özge sözler. Seň ýyly sözleriň deýin. Jan jigerim ejemjan. Gün ýylatsa älemi. Aý bezese gijäni. Sensiň öýümizin ýylysy. Sensiň eneleriň seresi Aýlansam elleň degen ýerlerini. Tapmaryn hiç kemini. Bişirseň ýyly nahary. Unutman onuň tagamyny. Dünýämi däl, bütün dünýäni. Gurşaýar seniň söýgiň ejemjan. Alys ýurt, uzak bolsada aramyz. Seň ýylgyrşyň köňülümde ejemjan. Saklasamda aýamda. Ulaldyk seň saýaňda. Az näçe dursak huzuruňda. Saňa karzym kän eje. Baky bolsun uzyn ýaşyň. Gözüňden aksa bagtly gözýaşyň. Şoldyr biziň bagtymyz. Uzak ýaşa ejemjan. Batyr Şabasanow:“ Ejemjan” goşgysy. Aşgabat 2011 ýyl.
Ejemjan
-
turkmenntug
14 years ago
- batyr dost.sagja bol,gaty govy goshgy.
-
ABCDE
14 years ago
- yaman dal goshgy.
-
jasminttaa
14 years ago
- Janym EJE
-
DoJiGat
14 years ago
- tuweleme ....giden gadyrly bolya birem kakany yatlan...
-
littil
14 years ago
- gowja goşgy.
-
muzazzi
14 years ago
- berekella örän gowy goşgy!hemmämiz çapak çalalyň!
Jeihun07 14 years ago- Bir wagyt Ay, Güne bakyp soranmyş,
Dünyanin görki ne aydyp bersene,
Gün hem diyenmiş nurun döküp,
Dünyanin bar görkü ENEDİR-ENE