“Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa, Gaýtam garash öňküdenem on esse! Mendirin - shol alabahar günleri, Agaçlar pyntyklap, shemal öwüsse. Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp, Sorasaň, salamym bererler aýdyp, Bardyryn men, Ýashap ýörüs sag-aman, Göwnüňe getirme, ýokduryn öýdüp! Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan, Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan, Güneshden, ýeňishden, aýdymdan sora, Olar saňa habar ýetirer menden..! Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa, sheýle bir gürrüň kän aýdyp-diýere. …Gije orun berip gyrawly daňa, Ýene bahar geldi biziň bu ýere. Yranyşyp berýozalaň shahasy, Aýdyma bashlady telleri bilen. Örtüldi üstümiz al-elwan bolup, Eneleň getiren gülleri bilen. Boýny galstuklyja sakchylar gelýär, Gülleň terligini saklamak üchin. Ter gülleri – ter dünýäni syn edip, Aýlanyp ýörüs biz älemiň ichin. Gursagy nygmatly pasyllar gelýär, Ilkinji sowgadyn bagryna basyp. Ine, sheýdip ýashap ýörüs müdimi, Dünýäniň sesine biz gulak asyp. Bilýän, hat gelmesi kesildi diýip, Gijeler, gündizler garashansyň sen! Tabshyrýarkam soñky ekzamenleri- Bu haty ýazmaga ýetishmedim men.
Hat
-
betyigit
14 years ago
- gowja goshgy eken.
-
Friendship
14 years ago
- Salam, betyigit! Awtory näbelli diýlip ýazylan eken. Internetden tapdym.
-
Bahbit
14 years ago
- Салам достлар авторы Сапа Хоммадов
-
Bahbit
14 years ago
- Яланчы сапашка
-
Bahbit
14 years ago
- Яланчы сапашка
-
ALADIN
14 years ago
- sag bol bet go$gy eken
-
betyigit
14 years ago
- salam friendship!gowjamy yagdaylang,sagaman gezip yorming?bizing saydymyza baray kawagt chatlasharys;)http://tmgchat.ru
-
mirasymyz
14 years ago
- Sagjabol Friendship. Gaty gowy goşgy eken.
-
mirasymyz
14 years ago
- betýigit dost, şol saýtyňyza gaza bolup düşünibilmän geçdim.
-
Friendship
14 years ago
- салам достлар авторы сапа
хоммадов
bahbit | 2011-09-11 10:51:46
o-o-o! Gowumy, bahbit? Ýitdiñ gitdiñ-le? Aýlan-a sheýdip!
-
Friendship
14 years ago
- salam friendship!gowjamy
yagdaylang,sagaman gezip
yorming?bizing saydymyza baray
kawagt chatlasharyshttp://
tmgchat.ru
betyigit | 2011-09-11 11:40:21
bolýa, nesip bolsa, betyigit!
-
Friendship
14 years ago
- Minnetdar, aladin, mirasymyz!
-
turkmenntug
14 years ago
- oho.friend.govumy,yitdinle.
goshgy ajaýyp.hemisheki yaly.sana söz yok!
-
Friendship
14 years ago
- Salawmaleýkim, turkmenntug! Aý, ba-a-a-la! Kanikuldan geldim. Sizem ýitdiñiz-ä!
-
guljagaza
14 years ago
- хеммелере салам !
-
Friendship
14 years ago
- Salam, guljagaza!
-
littil
14 years ago
- salam gaty gowja goşgy.
-
Friendship
14 years ago
- Sag bol, littil!
-
betyigit
14 years ago
- mirasymyz men bar wagtym girsengiz men dushundireyin yaman angsatdan sadaja saytdyr ol yere bir dushunsengiz:)
-
ALADIN
14 years ago
- Bu goshgyň awtory: Halyl Kulyýew
betyigit 14 years ago- avtory kim friendship?